Turkmenportal logo
06.06.25
1463914639
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mejlisiň wekili Astana şäherinde geçirilen tejribe okuw maslahatyna gatnaşdy
Mejlisiň wekili Astana şäherinde geçirilen tejribe okuw maslahatyna gatnaşdySurat: Türkmenistanyň Mejlisi

Ýewropa Bileleşiginiň we Halkara Söwda merkeziniň guramagynda 1 — 6-njy iýun aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» atly Halkara Söwda merkeziniň taslamasynyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy boýunça tejribe okuw maslahaty boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili hem gatnaşdy.


Mejlisiň resmi saýtynda berilýän habara görä, tejribe okuw maslahatynda Türkmenistanyň söwda ulgamy ugrunda gepleşik geçirijilerini we syýasatçylaryny goldamak boýunça taslamany ilerletmegiň çäklerinde Gazagystanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak ugrunda amala aşyran işleri barada tejribe alşyldy.


Şeýle hem halkara söwda ulgamynda öňdebaryjy tejribeler paýlaşyldy. Şonuň ýaly-da, bu gurama goşulmak babatda borçnamalar, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.