Soňky habarlar

Arhiw

«Belawiýa» Türkmenistana uçuşlary täze tertip boýunça amala aşyryp başlady

10:1115.12.2022
0
31984

Belarusyň «Belawiýa» awiakompaniýasynyň Minsk — Türkmenbaşy — Minsk aralygyna gatnaýan В2 745/746 gatnawy şu ýylyň 13-nji dekabryndan başlap, täze uçuş tertibine geçdi.

13-nji dekabrdan başlap, 21-nji marta çenli aralykda uçuşlar her hepde bir gezek amala aşyrylar. Ozal bu ugurda uçuşlar iki hepdeden bir gezek amala aşyrylýardy.

Uçar sişenbe güni sagat 22:40-da Minskden Türkmenistana ugrar we çarşenbe güni ýerli wagt bilen 4:45-de gonar.

Yza gaýdyş uçuşy çarşenbe güni ýerli wagt bilen 5:45-de Türkmenbaşydan ugrar we şol gün 8:05-de Minsk şäherine geler.

Uçuşlar Braziliýanyň Embraer E195 uçarynda amala aşyrylýar. Uçar 125 adamy daşamak üçin niýetlenendir (biznes klasynda 9 orun we ekonom klasynda 116 orun). Uçuş dört sagatdan gowrak dowam edýär.

«Belawiýa» Türkmenbaşy şäherine yzygiderli gatnawlary oktýabr aýyndan bäri dowam etdirip gelýär.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn petekleri onuň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bolýar. Onuň salgysy: köç. 2028 (A. Gowşudow), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke bazary», «Ak Deňiz» binasy, 2-nji gat)

Habarlaşmak üçin telefon: +99312926409.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin onlaýn petekleri www.belavia.by web sahypasynda iOS we Android programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň raýatlaryna Belarusa gitmek üçin wiza gerekdigini ýatladýarys. Wizanyň bahasy 60 ýewro (islendik görnüşli wiza üçin). Belarus Respublikasynyň wizalaryny bermek baradaky arzalara garamak üçin konsullyk töleginden 14 ýaşa ýetmedik daşary ýurtlular boşadylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň