Saparmyrat Owganow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlyklygyna gaýtadan saýlandy

15:4615.12.2022
0
22098

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV Gurultaýy geçirildi. Onda partiýanyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, sebit bölümleriniň ýolbaşçylary, Gözegçilik Geňeşi tarapyndan edilen işler barada hasabatlar diňlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine seredildi.

Gurultaýda wekiller biragyzdan Saparmyrat Owganowy Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine gaýtadan saýladylar. Saparmyrat Owganow Partiýanyň başlygy wezipesine ilkinji gezek 2017-nji ýylyň dekabrynda şu guramanyň II Gutultaýynda saýlanypdy.

Gurultaýda Partiýanyň Merkezi Geňeşiň we Gözegçilik toparynyň täze düzümleri hem tassyklandy, Partiýanyň Tertipnamasyna we Maksatnamasyna üýtgetmeler girizildi we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň