«Turkish Airlines» Stambuldan Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine uçuşlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR test barlagyny talap etmez.
«Orient»-iň türk kompaniýasynyň wekiline salgylanyp berýän habaryna görä, ähli ýolagçylar Türkmenistanyň howa menzillerine gelenlerinde PZR synagyndan geçerler.
Daşary ýurt raýatlary bolsa Stambuldan gidenlerinde, barlag nokatlarynda negatiw PZR barlag netijesini ýa-da ugramazdan 48 sagat öň geçirilen antikor synagyny görkezmeli.
Ozal «Belawiýa» we «S7 Airlines»-iň Minskden (Belarus) we Moskwadan (RF) Türkmenbaşy (Türkmenistan) şäherlerine uçuşlarynda Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR test barlagyny ýatyrandygyny habar beripdik.
«Turkish Airlines» Stambul howa menzilinden (IST) Aşgabat howa menziline (ASB) hepdede iki gezek çarşenbe we şenbe günleri, yzyna penşenbe we ýekşenbe günleri uçýar. Stambul (IST) — Türkmenbaşy (KRW) — Stambul (IST) ugurlary boýunça gatnaw hepdede iki gezek duşenbe we anna günleri amala aşyrylýar.
«Turkish Airlines»-iň uçuşlary üçin petekleri Türkiýe we Türkmenistandaky (Aşgabat, 1972 (Atatürk) köçesiniň 82-nji jaýy, Berkarar söwda merkezi, 1-nji gat, A7-A8 bloklary) satuw nokatlarynda satyn alyp bilersiňiz.