Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» Türkmenbaşy şäherine uçuş wagtynda türkmen raýatlary üçin PZR test synaglaryny ýatyrdy

14:1105.12.2022
0
43471

Russiýanyň «S7 Airlines» awikompaniýasy Moskwadan Türkmenbaşy şäherine uçuşlary boýunça Türkmenistanyň raýatlary üçin PZR test synagynyň zerurlygyny aradan aýyrdy. Bu baradaky degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

Dogry resminamalar we ähli wiza talaplary berjaý edilende raýatlara Türkmenistana girmäge rugsat berilýär.

Ýolagçylar (Türkmenistanyň raýatlaryndan başga) gözegçilik nokatlarynda negatiw PZR test synag netijesini ýa-da ugramazdan 48 sagat öň geçirilen antikor synagyny görkezmeli.

Türkmenistana gelensoň, ähli ýolagçylar (raýatlygyna garamazdan) koronawirus ýokançlygy üçin goşmaça synagdan geçmeli.

2022-nji ýylyň dekabryndan bäri «S7 Airlines» Moskwa (DME) — Türkmenbaşy (KRW) — Moskwa (DME) ugurlarynda hepdede iki gezek duşenbe we penşenbe günlerinde gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugurlar üçin petekleri www.s7.ru web sahypasyndan satyn alyp bilersiňiz. Uçuş tertibi şu baglanyşykda elýeterlidir.

Sowal-jogap merkezi: +74957830707

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň