Domodedowo halkara howa menziliniň (RF) resmi web sahypasynda Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibi neşir edildi.
Häzirki wagtda Russiýa bilen Türkmenistan iki awiakompaniýanyň göni uçuşlary bilen baglanyşýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME) — Türkmenbaşy (KRW) ugry boýunça hepdede iki gezek — çarşenbe we anna günleri yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.
Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň dekabryndan Moskwa (DME) — Türkmenbaşy (KRW) — Moskwa (DME) ugry boýunça hepdede iki gezek — duşenbe we penşenbe günlerinde uçuşlary amala aşyrar.
Uçuş tertibi
Gatnaw belgisi Awiakompaniýa Uçuş yeri Uçýan güni Uçyan wagty Ýol wagty
S7 3237
S7 Airlines Türkmenbaşy 1 03:30 05:00 T5 704 Turkmenistan Airlines Türkmenbaşy 3 00:15 03:35S7 3237
S7 Airlines Türkmenbaşy 4 03:30 05:00 T5 710 Turkmenistan Airlines Türkmenbaşy 5 10:35 03:35
