Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» Russiýadan Türkmenistana goşmaça gatnawlary açar

16:4417.11.2022
0
44420

2022-nji ýylyň dekabryndan «S7 Airlines» Moskwa — Türkmenbaşy we yzyna gaýdyş ugry boýunça Türkmenistana goşmaça uçuşlara başlar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

Habarda bellenilşi ýaly, 2022-nji ýylyň dekabryndan «S7 Airlines»-iň Russiýa uçuşlary, duşenbe günlerinden başga-da, aşakdaky tertip boýunça penşenbe güni hem amala aşyrylar:

  • Uçuş «S7-3237» Moskwa — Türkmenbaşy: uçuş wagty — 03:30, geliş wagty — 09:08.
  • Uçuş «S7-3238» Türkmenbaşy — Moskwa: uçuş wagty — 10:05, geliş wagty — 11:35.

Uçuş we gonuş ýerli wagt bilen görkezilendir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň