«The Investor» halkara žurnalynyň global redaksion direktory Leandro Slowinski «Turkmenportal» habarlar portalyna beren interwýusynda halkara maýadarlaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmasynyň yzygiderli artmagynyň sebäpleri barada gürrüň berdi.
— 2025-nji ýylda «The Investor» neşiri Türkmenistana bagyşlap ýörite neşirini çykardy we häzirki wagtda bolsa 2026-njy ýyl üçin täze neşirini taýýarlaýar. Ýurda bolan beýle gyzyklanmanyň nämeler bilen şertlenýändigini aýdaýsaňyz?
— 2025-nji ýyldaky neşire okyjylar tarapyndan seslenme garaşylýanyndanam has ýokary boldy. Bu bolsa 2026-njy ýylda hem täze şeýle mowzukdaky neşiri taýýarlamagyň mümkinçiligini ilerletdi. Türkmenistan adaty bazarlardan daşarky mümkinçilikleri göz öňünde tutýan maýadarlaryň ünsüni barha özüne çekýär. Köp ýyllaryň dowamynda ýurt halkara derejede, esasan, uglewodorod serişdeleriniň hasabyna girdeji alýan ýurt hökmünde kabul edilýärdi. Emma welin häzirki wagtda bu düşünje ep-esli giňelýär. Maýadarlar energetika pudagynyň üstüni ýetirýän — senagat, infrastruktura, logistika, önümçilik, sanlylaşdyrma hem-de hususy pudagyň ösüşini öz içine alýan giň özgerişlere uly üns berýärler. Institusional maýadarlar mahabatlara däl-de, uzak möhletleýin ýagdaýyň, ykdysady durnuklylygyň we meýilleşdirilen taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň anyk subutnamalaryny gözleýärler. Türkmenistan hem bu faktorlary yzygiderli esasda äşgär edýär.
— Türkmenistanyň uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlyk boýunça toplan tejribesi maýadarlar üçin näderejede wajyp?
— Halkara maýadarlar üçin iň ynandyryjy şertleriň biri giň gerimli strategik hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin durnukly bolmagydyr. Şu ýyl Türkmenistan we Hytaý gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, CNPC bilen gatnaşyklar Ýewraziýada uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň iň möhüm mysallarynyň birine öwrüldi. «Galkynyş» gaz ýatagynyň işlenip düzülmeginiň IV tapgyrynyň badalga almagy onuň bu ugurdaky oruny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bellemeli möhüm zatlaryň biri, 2026-njy ýylda «PETRONAS-yň» Türkmenistanda iş alyp barmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şular ýaly uzak möhletde dowam edýän hyzmatdaşlyklar global energetika senagatynda seýrek duşýar. Eýýäm IV tapgyryň özi hem uly möçberli taslamadyr: ol täze önümçilik guýularynyň we ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge kuwwaty bolan gazy gaýtadan işleýän toplumyň gurluşygyny öz içine alýar.
— Bu günki günde örän üns çekýän taslamalaryň ýene biri — TOPH taslamasy. Häzir Owganystanyň çäginde onuň gurluşyk işleri önjeýli ilerleýär. Bu maýa goýujylaryň taslama bolan garaýşyny üýtgedýärmi?
— Gürrüňsiz. Elbetde, maýa goýujylar üçin meýilnamalaşdyrmak tapgyryndaky taslama bilen amaly taýdan netijeli durmuşa geçirilýän taslamanyň arasynda düýpli tapawut bardyr. TOPH gaz geçirijisiniň Serhetabat — Hyrat bölegindäki netijeli işler Ýewraziýadaky iň uly sebitleýin energetika taslamalarynyň biridir. Şol bir wagtyň özünde, TOPH-yň ähmiýeti gaz geçiriji taslamalygyndan has uludyr: bu iri infrastruktura energetika ulgamynyň, senagatyň, ulag we logistika pudagynyň ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we sebitde söwdanyň giňelmegine uly goşant goşup biler. Uly infrastruktura taslamalaryny maýadarlar üçin has üns çekiji edýän zat hem — bir taslamanyň täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin şert döredýändigidir.
— Munuň özi maýadarlaryň uglewodorod pudagyna diňe bir eksport girdejisiniň çeşmesi hökmünde däl-de, has giň diwersifikasiýa üçinem esas hökmünde seretmäge başlaýandygyny aňladýarmy?
— Hawa, bu Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan garaýşyň iň möhüm üýtgeşmeleriniň biridir. Maýadarlar ýurduň uglewodorod pudagyna diňe eksport girdejisiniň çeşmesi hökmünde däl, gaýtam barha ykdysadyýetiň giň ugurlar boýunça diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň esasy diýip garaýarlar. Ozalky energetika maýa goýumlary bilen birlikde, nebitgazhimiýa, senagat taýdan gaýtadan işlemek, logistika, infrastruktura, sanly tehnologiýalar we önümçilik pudaklaryna hem gyzyklanma artýar. CNPC bilen iki onýyllyga deň bolan hyzmatdaşlygyň, «PETRONAS» bilen 30 ýyllyk gatnaşyklaryň, «Galkynyş» gaz käniniň taslamasynyň IV tapgyrynyň durmuşa geçirilmeginiň hem-de TOPH-yň ilerledilmeginiň özara sazlaşygy işleriň dowamly alnyp barylmagynyň we şeýle iri taslamalaryň amaly taýdan netijeli durmuşa geçirilmeginiň has özüne çekiji keşbini döredýär.
— Bu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýär. Siz edil häzirki tapgyrda ýurduň maýa goýum ösüşini nähili häsiýetlendirerdiňiz?
— Otuz bäş ýyl — bu möhüm döwür. Ol gazanylan netijelere baha bermäge we geljekki mümkinçiliklere ser salmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan giň gerimli milli infrastrukturany döretdi, energiýa resurslaryny eksport etmekde netijeli kuwwatlyklary kemala getirdi hem-de öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen uzak möhletli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Indiki tapgyr tebigy serişdelerden başlap, senagatlaşdyrmaga, ýokary goşmaça gymmaty bolan önümçilige, infrastruktura, logistika, tehnologiýalara we hususy pudagy ösdürmäge çenli giň ykdysady ösüş üçin bu binýady ulanmaga barha köp üns bermek bilen baglydyr.
— Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan üçin halkara maýadarlara mälim etmeli bolan esasy zerur zat näme?
— Muny üç söz bilen beýan etmek bolar: mümkinçilikler, durmuşa geçirmek we elýeterlilik. Maýadarlar halkara maýasynyň, tehnologiýalaryň we bilermen tejribesiniň nirede uly islegden peýdalanyp biljekdigine düşünmek; taslamalaryň amalyýetde anyk durmuşa geçirilip bilinjekdigine subutnamalary görmek; hem-de edaralar we çözgüt kabul edýän taraplar bilen nähili özara gatnaşyk edip biljekdigine düşünmek isleýärler. Eýýäm energetika pudagynda uzak wagt bäri dowam edip gelýän halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Türkmenistanyň iri möçberli taslamalary uzak möhletli esasda durmuşa geçirmek babatda ygtybarly güwäsidir. Indiki mümkinçilik bolsa zerur tehnologiýalary, maliýeleşdirmegi, täjirçilik modelini we hyzmatdaşlygyň görnüşini görkezmek bilen, maýadarlara laýyk gelýän formatda has anyk taslamalary hödürlemek bilen baglydyr.
— Siz OGT forumyna ozal hem gatnaşdyňyz. «OGT 2026» şu aýdylanlar bilen baglylykda nähili hyzmata eýe bolup biler?
— Forum pikir alyşmalaryň hili hem-de halkara wekilçiligiň derejesi babatda garaşylyşyndan has ähmiýetli boldy. OGT indi hökümet edaralarynyň, halkara energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, maliýe düzümleriniň hem-de tehnologiýalar bilen üpjün ediji kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemleýän sebitde öňdebaryjy energetika platformalarynyň biri hasap edilýär. Häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalaryň depgini göz öňünde tutulanda, «OGT 2026» halkara derejede aýratyn uly gyzyklanma döreder: «Galkynyş» känini özleşdirmegiň IV tapgyry we TOPH taslamasy üns merkezinde bolar, maýa goýumlar, tehnologiýalar, tebigy gazy gaýtadan işlemek, deňiz ýataklaryny özleşdirmek, infrastrukturalar we ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşmalar bolsa forumyň halkara giňişlik üçin has-da ähmiýetli bolmagyna ýardam eder. «OGT 2026» forumy 21 — 23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler.
— Ahyrky söz hökmünde — Siz Türkmenistany heniz doly öwrenip ýetişmedik halkara maýadaryna näme maslahat bererdiňiz?
— Hakyky anyk netijelere we ösüşiň geljekki ugurlaryna nazar aýlamak peýdaly bolar. Türkmenistanyň uly çig mal serişdeleri bar, ýöne diňe serişdeler heniz doly maýa goýum teklibini emele getirmeýär — olaryň uzak möhletli meýilnamalaşdyrma, döwrebap infrastruktura, ýola goýlan halkara hyzmatdaşlyk we giň gerime eýe bolýan ösüş maksatnamasy bilen utgaşdyrylmagy esasy ähmiýete eýedir. Türkmenistany has çuňňur öwrenip we işewürlik gatnaşyklaryny gurup başlan maýadarlar ösüşiň indiki tapgyrynda has amatly orunda bolarlar.