Soňky habarlar

Arhiw

«Belawiýa» Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkmenbaşy şäherine uçuşlar boýunça PZR test synaglaryny ýatyrdy

14:2405.12.2022
0
35599

Belarusyň «Belawiýa» awikompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlarynda PZR test synaglary baradaky talaplary ýatyrdy. Degişli bölüm awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda täzelendi.

Türkmenistana girmek üçin awiakompaniýanyň ähli ýolagçylary we ekipažlary ilkinji gonuş nokadyndan 48 sagatlyk COVID-19 üçin negatiw PZR test synag netijesi bolmaly. Kadadan çykma diňe Türkmenistanyň raýatlaryna degişlidir.

Ýolagçylaryň hemmesi gelenden soň doldurylan «Ýolagçylaryň saglygyny bahalandyrmak blankasyny» görkezmeli.

2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 21-nji martyna çenli Minsk — Türkmenbaşy ugry boýunça «Belawiýanyň» uçuşlary her sişenbe güni amala aşyrylar.

«Belawiýanyň» uçuşlary üçin petekleri onlaýn www.belavia.by web sahypasynda iOS we Android programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Sowal-jogap merkezi: +375172202555

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň