Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler

18:2015.12.2022
0
47911

Ýakyn iki ýylyň dowamynda Astrahan sebitindäki kenarýaka erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu barada Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri Ilýa Wolynskiýniň sözlerine salgylanyp, «Interfaks» habar berýär.

«Geografiki taýdan bu merkez sebitiň kenarýaka erkin ykdysady zolagynda, ýagny Olýa portunda ýerleşer. Logistika merkezlerini we ammarlary gurmak üçin ýörite ýer bölünip berler hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek üçin Astrahan sebitinden bir kompaniýa saýlanyp alnar» diýip, çeşme Wolynskiýniň sözlerini getirýär.

Astrahan sebitiniň senagat we tebigy baýlyklar ministri degişli taslamany durmuşa geçirmek barada Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny belläp, logistika merkezini döretmek boýunça iş meýilnamasynyň taýýarlanyp, soň onuň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine ugradyljakdygyny mälim etdi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň