Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli

11:0104.11.2022
0
25333

1. Dubaýyň halkara howa menziliniň (BAE) resmi saýtynda Türkmenistana howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi peýda boldy, ol 2022-nji ýylyň noýabryndan güýje girýär. Uçuşlaryň güýz-gyş tertibiniň dowamynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan duşenbe we çarşenbe günleri Dubaýdan Türkmenabada dowamly howa gatnawlary amala aşyrylar.

2. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ordenini gowşurdy. Türkmen parlamentiniň Halk Maslahaty palatasynyň ýolbaşçysy bu orden bilen «Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly şahsy goşandy üçin» sylaglandy. Ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy Kremlde geçirildi.

3. «Ilat ýazuwy 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!». Şeýle şygar bilen 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler – bu makalada Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada bilmeli ähli zatlar beýan edilen.

4. «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilere awtoulag dolandyran wagtlarynda örän ýokary sesli aýdym diňlemegiň zyýanlydygyny duýdurýar. Hünärmenler ulagyň dolandyrylýan wagtynda ýokary bolmadyk sesde aýdym diňlemegi, köp gatnawly awtoýollarda we ulag gatnawynyň dykyn wagty ýoldaky ýagdaýdan ünsi sowmazlyk üçin, ony düýbünden öçürmegi maslahat berýärler.

5. «RŽD Logistika» kompaniýasy (RF), «KTZ Express» (Gazagystan) we «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» halkara we üstaşyr ýük daşamalarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekidler. Taraplar «Demirgazyk – Günorta» halkara geçelgesinde bilelikdäki demir ýol hyzmatlaryny ösdürmek hakynda ylalaşdylar.

6. Abu-Dabiniň halkara howa menzili (BAE) 2022-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan bilen halkara howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär diýip, howa menziliniň täjirçilik direktory Fransua Burýena habar berdi. «Iki hepdeden Türkmenistan Aşgabatdan Abu-Dabä birnäçe uçuşlary amala aşyryp başlar» – diýip, Burýen Emirlikleriň «Zawya» neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi.

7. «Apple» indiki smartfonlaryny USB-C bölümi bilen üpjün etjekdigini tassyklady. «Apple» kompaniýasynyň marketing boýunça wise-prezidenti Greg Joswiakyň bellemegine görä, haryt nyşanynyň indiki smartfonlary USB-C bölümi bilen üpjün ediler – muny Ýewropa Bileleşiginiň täze kanuny talap edýär. Oňa laýyklykda, 2024-nji ýylyň aýagyna çenli ÝB-niň çäginde satylýan ähli enjamlar USB-C bölümi bilen üpjün edilmeli. Täze kanun smartfonlara, planşetlere, sanly kameralara, gulaklyklara, oýun enjamlaryna, elektron kitaplara, ykjam ses enjamlaryna (kolonkalara), noutbuklara we beýleki tehnologiýalara degişlidir.

8. «Wizz Air Abu Dhabi» býujetleýin awiakompaniýasy Abu-Dabiden (BAE) uçuş maksatnamasyny giňeldýär we Özbegistanyň iki şäherine – Samarkanda we Daşkende täze howa gatnawlaryny ýola goýýar. Abu-Dabiden Samarkanda uçuşlar 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan başlap hepdede iki gezek – sişenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Daşkende howa gatnawlary bolsa 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlanar we hepdede üç gezek – duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Petekler eýýäm awiakompaniýanyň saýtynda we ykjam programmasynda satuwa çykaryldy.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy U20 Aziýanyň Kubogy-2024-iň toparlaýyn tapgyryna çykmak üçin garşydaşlary bilen tanyşdy. 4-nji sebetdäki Türkmenistan «H» topara düşdi, onda Eýran we Bangladeş bilen duşuşar. Toparlaýyn duşuşyklaryň birinji tapgyrynyň oýunlary 2023-nji ýylyň 4-12-nji martynda Bangladeşde geçiriler.

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaş zenanlar ýygyndysy U17-niň Aziýanyň Kubogy-2024-iň toparlaýyn tapgyryna çykmak üçin birinji tapgyr duşuşyklarynyň tertibi mälim boldy. Türkmenistanyň, Singapuryň, Bangladeşiň we BAE-niň çykyş etjek «D» toparynyň duşuşyklary Singapurda merkezileşdirilen görnüşde geçiriler. «D» toparyň saýlama bäsleşigi 2022-nji ýylyň 22-30-njy apreli aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň