Turkmenportal logo
03.11.22
2522925229
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Wizz Air» awikompaniýasy BAE-den Samarkanda we Daşkende uçar gantawyny ýola goýýar

«Wizz Air Abu Dhabi» awiakompaniýasy Abu-Dabiden (BAE) uçuş maksatnamasyny giňeldýär we Özbegistanyň iki şäherine — Samarkant we Daşkende täze ugurlary açýar.


Abu-Dabiden Samarkanda boljak uçuşlar 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan hepdede iki gezek — sişenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar.


Daşkende boljak uçuşlar 2023-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan hepdede üç gezek — duşenbe, çarşenbe we anna günleri bolar.


Häzirki wagtda awiakompaniýanyň web sahypasynda we ykjam programmasynda petekleriň satuwy ýola goýuldy.


Uçuşlar «Airbus A321neo» uçarynda amala aşyrylar.


«Wizz Air» ştab-kwartirasy Wengriýanyň Budapeştd şäherinde ýerleşýän arzan bahaly awiakompaniýadyr.


Awikompaniýanyň uçarlarynyň Abu-Dabiden Azerbaýjana, Ermenistana, Gruziýa, Gazagystana, şeýle hem Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň beýleki ýurtlaryna-da uçýandygyny bellemek gerek.