«RŽD Logistika», KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler

23:3003.11.2022
0
25499

«RŽD Logistika» (RF), KTZ Express (Gazagystan) we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» halkara we üstaşyr ýük gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler diýip, rus demirýol logistika kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Demirgazyk-Günorta halkara ýolunda bilelikdäki demir ýol hyzmatyny ösdürmek barada ylalaşdylar.

Resminamada hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda üçtaraplaýyn we tranzit gatnawlarynda harytlary yzygiderli daşamagy guramak, harytlaryň halkara import we eksport daşalyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek, Demirgazyk-Günorta demir ýol geçelgesiniň potensialyny durmuşa geçirmek we ulag-logistika infrastrukturasyny bilelikde ulanmak göz öňünde tutulan.

Mundan başga-da, gol çekilen resminama Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda täze yzygiderli otlulary işe girizmek, şol sanda oba hojalyk önümleri we azyk önümleri üçin gysga möhletli üpjün edýän konteýner hyzmatlaryny, şeýle hem tehnologik täzelikleri we bilelikdäki çözgütleri girizmek arkaly demirýol ugurlarynyň ösdürilmegini kepillendirýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, oktýabr aýynda «RŽD Logistika» Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk-Günorta gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Eýrana doly düzümli konteýner otlularyny gatnadyp başlady. Otly bu täze ugur boýunça aýda bir gezek hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň