«RŽD Logistika» kompaniýasy Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, «Demirgazyk — Günorta» gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Russiýadan Eýrana otly bilen doly düzümli konteýnerlerini daşap başlady. Bu barada kompaniýa Telegramdaky resmi kanalynda mälim etdi.
Çehow demir ýol menzilinden (Moskwa sebiti, Russiýa) otly Gazagystanyň çäginden Sarahs stansiýasyna (Türkmenistan) geçer, bu ýerde konteýnerler 1520 mm rels ölçegden 1435 mm ölçege ýüklener. Soňra ýük Eýranyň çäginden Bandar-Abbas portuna, soňra bolsa deňiz arkaly barmaly ýerlerine iberiler.
Birinji tapgyrda otly täze ugur boýunça aýda bir gezek gatnar. Otly yzyna gaýdanda Russiýa haryt getirer.
Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy hereketlendiriji, ähli marşrut gatnaşyjylary üçin deňagramly nyrh syýasaty bolar.