Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasy üçin synag tabşyrylanda nämeleri bilmeli, Karaçi şäherine Aşgabatdan ynsanperwerlik ýükleri gelip gowuşdy, 2023-nji ýylda Türkmenistanda halkalaýyn elektroulgamyny işe girizmek meýilleşdirilýär

11:4406.09.2022
0
27600

1. Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin synaglara taýýarlyk awtomobil mekdeplerinde nazary we amaly okuwlar bilen başlanýar. Nazary synaglar tabşyrylanda okuw sapaklarynyň diňleýjilerinden nähili talaplaryň edilýändigi hakynda şu ýerde okap bilersiňiz.

2. Türkmenistandan Pakistanyň ýaşaýjylaryna iberilen ynsanperwerlik kömegi Karaçi howa menziline gelip gowuşdy. «Il-76» uçary bilen derman we lumançylyk serişdeleri hem-de azyk harytlary getirildi. Ýatlatsak, dowamly ýagyşlar sebäpli Pakistanda takmynan 33 mln adam ejir çekdi.

3. Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini 9 milliard kilowat-sagada çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy Owganystandan başga-da, Eýrana, Özbegistana we Gyrgyzystana eksport edilýär.

4. 2022-nji ýylyň başyndan bäri 2,4 million daşary ýurtly syýahatçy Özbegistana syýahat etdi, şolaryň 1100 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatydyr. Maglumatlara görä, iň köp syýahatçylar Gazagystandan gelipdir (716,7 müň), syýahatçylaryň sany boýunça ikinji orny bolsa Gyrgyzystan eýeleýär (675,1 müň), Täjigistan bolsa ilkinji üçlügi tamamlaýar (637 müň).

5. 1-nji sentýabra çenli Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny iň köp peýdalanyjylar Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary boldy. Ýurduň Merkezi bankynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan boýunça internet-banking hyzmatyndan 888 müň 501 adam peýdalanýar, şolaryň 203 060-sy – Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarydyr.

6. Beýik Britaniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Liz Trass Birleşen Korollygyň täze premýer-ministri we Konserwatiw partiýanyň ýolbaşçysy hökmünde saýlandy. Partiýa agzalarynyň 54,7% onuň peýdasyna ses berdi, onuň garşydaşy, öňki maliýe ministri Rişi sunak bolsa sesleriň 42,6%-ni aldy. Liz Trass Beýik Britaniýanyň 56-njy zenan premýer-ministri we Margaret Tetçer hem-de Tereza Meýden soň Ministrler Kabinetiniň 3-nji zenan ýolbaşçysy bolar.

7. Ýaponiýanyň demirgazygyndaky garrylar öýleriniň birinde çagalar üçin adaty bolmadyk iş orny döredildi. Jemgyýetçilik edarasynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyny bezemek üçin üç ýaşa çenli bäbekler we çagalar işe alnar. Garrylar öýüniň müdiriniň pikirine görä, kiçijik çagalaryň wezipeleri garrylar bilen gürleşmekden ybarat bolar, bu bolsa olary ruhlandyrar we ýakymly duýgulary döreder.

8. Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen «Banzai Cup» halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşige 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy, şolaryň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem bar. Tutluşyklaryň netijesinde türkmen türgenleri jemi 13 sany – 4 altyn, 2 kümüş we 7 bürünç medal gazanmagy başardylar.

9. «Traktor» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy. Eýranyň Pro-ligasynyň 5-nji tapgyr duşuşygynda Berdiýewiň şägirtleri «Şardari Arak» toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar. Şeýlelikde, «Traktor» 3 utuk gazandy we bäsleşigiň sanawynda 9-njy orna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň