Turkmenportal logo
05.09.22
4599945999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň synaglarynda dalaşgärlere bildirilýän talaplar
Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň synaglarynda dalaşgärlere bildirilýän talaplar

Sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin tabşyrylýan synaglara taýýarlyklar nazary we amaly bilimlerden başlanýar. Awtomobil mekdebinde okuwlary geçmek — bu babatda sürüjileriň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, sürüjilik şahadatnamasyna eýe bolmak üçin zerur basgançakdyr.


Ýol hereketiniň düzgünlerine we ulag serişdeleriniň sürüjilerine bildirilýän talaplara, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Kararyna (24.12.2021ý. senedäki №44 belgili) görä synag döwründe synag alynýan öwrenijilerden edilýän talaplaryň aýratynlyklary bilen tanyş bolalyň:


Nazaryýet synagy geçirilende:


  1. Sürüjilige dalaşgär tarapyndan bilimler barlanýar:

  • Okuw meýilnamalary we ÝHD-niň maksatnamasy, ulag serişdeleriniň sürüjiligine deslapky taýýarlyk;
  • Ulag serişdesini ulanyşa goýbermekde esasy ýagdaýlar;
  • Türkmenistanyň ýol hereketi bilen bagly kanunçylygy, şeýle-de ulag serişdeleriniň sürüjileriniň jenaýat hem-de raýatlyk jogapkärçiligi;
  • Ýol-ulag hadysasynda ejir çeken şahslara ilkinji kömegi ýetirmegiň düzgünleri;

  1. Synag tabşyrýandan edilýän talaplar:

  • Lukmançylyk taýdan bellenen näsaglyk görkezmeleri ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmagyň çäklendirmesi bolmaly däldir;
  • Ähli okuw sapaklary boýunça oňyn netije bahalary bolmaly;
  • Okuwlaryň kesgitlenen tölegini doly derejede tölemeli.


Sürüjilige dalaşgärler öz şahsy işlerinde zerur bolan resminamalary doly we dogry doldurmalydyrlar, aýratyn-da şu resminamalar bolmalydyr: arza, pasport ýa-da ony çalşyryjy resminama (asyl nusgasy we nusgasy), saglyk ýagdaýy barada kepilnama, 3x4 ölçegli iki sany reňkli fotosurat, bir ýa-da birnäçe topara degişli ulagy dolandyrmaga hukugynyň bolmagy, başga bir topar boýunça sürüjilik okuwlaryny okaýanlar üçin ozalky bar bolan sürüjilik şahadatnamasynyň nusgasy.


«D» hem-de «E» toparlara degişli bolan ulag serişdelerini dolandyrmagyň sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin sürüjilik iş tejribesini tassyklaýan zähmet depderçesiniň nusgasy hökmandyr («B», «C» derejesi bilen haýsydyr bir kärhanada işlemedik ýagdaýynda ýa-da «D» derejä degişli ulaglary dolandyrmak hukugyny tassyklaýan sürüjilik şahadatnamasynyň göçürmesi; görkezilen şahsy ulagyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnama).


«A» dereje üçin synag tabşyrýanlar (motosikl, motoroller, moped) 18 ýaşdan soň awtoulag okuwlaryny geçip synag tabşyryp bilýärler; «B» dereje üçin hem (3500 kg-dan agyr bolmadyk awotulaglar) 18 ýaşdan; «C» dereje (3500 kg-dan agyr bolan ulaglar) we «D» dereje (kiçi awtobuslar) üçin 19 ýaşda, şeýle-de dalaşgär trolleýbus hem-de tramwaý dolandyrmak isleýän bolsa 20 ýaşdan uly bolmalydyr.



Şeýle-de okaň: