Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar

09:0123.08.2022
0
28792

Häzirki wagtda jemgyýetde awtoulagy dolandyryşyň sürüjilik şahadatnamalaryny almak isleýän adamlaryň sany gün-günden artýar. Bu babatda Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasy 18 ýaşa ýeten ähli isleg bildirýän raýatlary awtoulag dolandyrmak boýunça sürüjilik okuwlaryna çagyrýar.

Mundan başga-da, şahamçada dürli sürüjilik ugurlary boýunça ýörite sürüjileri taýýarlamak okuwlaryna dalaşgärler işjeň kabul edilýär. Bu okuwlarda ýeňil awtoulaglaryň, ýük ulaglarynyň we kiçi awtobuslaryň sürüjileri taýýarlanylýar.

Başlangyç sürüjiler üçin şu hili hyzmatlar ýetirilýär:

  • Öwrenmegiň häzirki zaman usullary;
  • Ýokary hünär taýýarlygy bolan pedagogik düzüm;
  • Gysga möhletleýin okuwlar: 2,5 we 3,5 aý möhletli;
  • Elýeter töleg bahalary;
  • Tölegleri garaşaryna geçirmek we bank kartlary arkaly töleg etmek;
  • Nazary we amaly okuwlaryň amatly tertibi;
  • Özbaşdak awtodrom ýa-da awtomobil meýdançasy;

Awtoulag sürüjilik okuwlaryny geçmäge isleg bildirýänlerden şu resminamalar talap edilýär: pasportyň nusgasy we asyl nusgasy, lukmançylyk kepilnamasy (görnüş № 083), saglygy barada narkologdan we psihiatrdan alnan kepilnama, 3x4 ölçegli 3 sany fotosurat.

Belläp geçsek, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň awtomekdep.edu.tm salgyly resmi saýtynda awtoulag sürüjilik okuwlaryna isleg bildirýän islendik raýat hasaba alnyp, ýörite niýetlenen sahypada maglumatlary girizip (FAA, ýaşaýan salgysy, telefon belgisi) hem-de ýokarda görkezilen zerur resminamalaryň skanirlenen nusgalaryny ýerleşdirip biler.

Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň salgysy we habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesi, 4-nji jaý. Telefon belgileri: (8 -00-322) 2-58-32; 2-58-53;
  • Akdepe etr., Alty Garlyýew köçesi, 195-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 64) 55 02 54;
  • Gubadag etr., Döwletli köçesi, 21-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 65) 27 92 02;
  • Gurbansoltan eje etr., Parahat köçesi, 1-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 65) 93 25 99;
  • Köneürgenç ş., Lebap köçesi, 32-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 61) 72 22 71.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň