Arhiw

Aşgabat awtoulag mekdebi sürüjiligi öwrenmäge onlaýn ýazylyşygy hödürleýär

17:5808.07.2022
0
23349

Awtoulag mekdepleriniň birleşmesi bolan «Türkmenawtoulaglary» agentligi sürüjiligi öwrenmäge onlaýn ― uzak aralykdan ýazylyşyk hyzmatyny hödürleýär.

Munuň üçin «awtomekdep.edu.tm» web sahypa agza bolmak we görkezilen nusga boýunça degişli maglumatlary (ady, atasynyň ady, familiýasy, ýaşaýan ýeri, telefon belgisi) girizmek hem-de zerur bolan resminamalaryň (pasport, 083 belgili lukmançylyk kepilnamasy, narkolog we psihiatr lukmandan kepilnama, ¾ ölçegli iki fotosurat) elektron görnüşini bermek ýeterlikdir.

Mundan başga-da web sahypada islendik derejeli sürüjiligi öwrenijilere okuwlar üçin bank kartlary arkaly töleg etmek mümkinçiligi döredilendir.

Awtoulag mekdebine kabul edilenden soň, sürüjiligi öwrenijiden ýokarda agzalan resminamalaryň asyl nusgasy talap edilýär.

Aşgabat awtoulag mekdebi Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 424-nji jaýynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň