Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi

17:2422.11.2024
0
24324
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Surat: turkmenistaninfo.gov.tm

Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky iň gowy sürüjisi kesgitlenildi. Has takygy, Aşgabatda ýokary derejeli awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň arasynda ýyllyk döwlet hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, onuň dowamynda ýurduň ulag pudagynyň iň ýokary derejeli hünärmenleri kesgitlenildi. Bu çäre Bütindünýä durnukly ulag gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirildi.

Halkara habarlar merkeziniň ýazmagyna görä, «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» atly bu bäsleşik iki ugur boýunça – ýolagçy we ýük awtoulaglarynyň sürüjileriň arasynda geçirildi. Gatnaşyjylar öz hünär başarnyklaryny, ýol hereketiniň düzgünleri we ulag serişdeleriniň tehniki häsiýetnamalary baradaky bilimlerini görkezdiler.

Ýurduň iň gowy awtoulag işgäri diýlip Arkadag şäheriniň awtomenzil we awtoulag toplumy müdirliginden Guwanç Owganow yglan edildi. «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň 12-nji awtoulag toplumynyň sürüjisi Gurbanbaý Jumabaýew we «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Mahmytmyrat Täzemyradow degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Ýük ulaglary ugry boýunça Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň awtoulag mekdepleri birleşmesiniň şahamçasyndan Azym Gurbanow ýeňiji boldy. Ikinji orny Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollaryny ulanmak müdirliginden Söhbet Ullaýew, üçünji orny bolsa Aşgabat şäheriniň gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasynyň sürüjisi Baýramgeldi Baýramgeldiýew eýelediler.

Ýeňijilere we bäsleşigiň baýrakly orunlara mynasyp bolanlara gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň goldaw bermeginde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň