Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýylyň ýedi aýynda müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

19:1505.09.2022
0
30389

Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti ýurda ýanwar — iýul aýlarynda gelen syýahatçylaryň sany boýunça hasabaty çap etdi. Bu barada Özbegistanyň internet neşirleri habar berýär.

Hasabata laýyklykda, degişli döwürde Özbegistana 1 müň 100-den gowrak Türkmenistanyň raýaty syýahat edipdir. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan sanawyň ilkinji otuzlygyndan ýer alypdyr. Hususan-da, şu ýylyň ýedi aýynda Özbegistana 2 million 416 müňden gowrak syýahatçy gelip, olaryň 716 müňden gowragy Gazagystanyň, 675 müňden gowragy Gyrgyzystanyň, 637 müňden gowragy Täjigistanyň, 247 müňden gowragy bolsa Russiýa Federasiýasynyň raýatlarydyr. Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti şu ýylyň ýedi aýynda ýurda gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esseden gowrak artandygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň