«BBC» habarlar agentligi ABŞ-da, Kanadada hem-de Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty bu ýaryşyň taryhynda iň giň gerimlisi boldy. Ýaryşa gatnaşyjylaryň sanynyň artdyrylyp, 48 milli ýygynda çenli ýetirilmegi we duşuşyklaryň sanynyň köpeldilmegi adamlaryň diýseň ünsüni çekdi. Bu ýaryş şonuň bilen birlikde öz töwereginde uly pul akymlaryny döretdi. Bilermenler bu pul akymlarynyň paýlanyşygynyň gyradeň däldigini nygtaýarlar.
Ýaryşdan haýyr tapan — FIFA
Ýaryşdan esasy girdeji alyjy — Halkara futbol federasiýasy (FIFA) boldy. Gurama 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä kubogyndan rekord derejede 7,6 milliard dollar gazanypdy. Çempionatyň häzirki giňeldilen formaty esasynda 2026-njy ýyldaky ýaryşdan gelýän girdejiniň bu görkezijiden hem köp bolmagyna garaşylýar. «Deutsche Bank Research» seljerme edarasynyň uly strateg hünärmeni Marion Labure ýaryşa çenli dört ýyllyk sikl boýunça FIFA-nyň umumy girdejisi takmynan 13 milliard dollara ýetendir diýip seljerme berýär.
Federasiýanyň esasy girdeji çeşmeleri teleýaýlym hukuklary, ygtyýarnama şertnamalary, hemaýatkärlik şertnamalary hem-de petekleriň satuwydyr. Labureniň bellemegine görä, FIFA öz petekleriniň gaýtadan satylmasy arkaly satyn alyjylardan we satyjylardan 15% komissiýa ýygnamaga başlady. Indi bolsa ýaryşyň 64 topara çenli köpeldilmegi bilen bagly mesele hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa Hytaý we Hindistan ýaly ýurtlary hem öz içine alyp biler.
Janköýerler üçin çykdajy
Bu ýaryş janköýerler üçin uly çykdajyly boldy. Islegiň artmagy bilen, barha ýokarlanan FIFA-nyň petekleriniň baha syýasaty birnäçe ýola tankyt edildi. Hatda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň Paragwaý bilen bolan açylyş oýnunyň petegi üçin müň dollara golaý pul tölemejekdigini boýun aldy.
Nýu-Jersi ştatyndaky «MetLife» stadionynda geçiriljek final oýnunyň peteginiň resmi bahasy 32 müň dollardan geçdi. Ikinji bazardaky käbir petekleriň bahasy bolsa 2 million dollardan hem ýokary boldy. Bu meselede FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino petekleriň bahalarynyň ABŞ-daky beýleki iri sport çäreleriniň bahalary bilen deňeçer gelýändigini mälim etdi.
Giriş petegi meselesinden başga-da, janköýerler howa gatnaw petekleri, ýaşaýyş jaýlary we iýmitleriň bahalarynyň ýokarlanmagy ýaly müşgillikler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Aýratyn üns çekiji wakalaryň birini mysal getirsek, Nýu-Jersi ştatyndan «MetLife» stadionyna barýan ýolagçy otlularynda gatnaw petekleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyny bellemek bolar: 30 minutlyk ýol üçin bir gatnaw petegi adaty 12,90 dollardan 150 dollara çenli ýokarlandy. Köpçülikleýin bildirilen nägilelikden soň, bahalar arzanladylan hem bolsa, ýöne ýene adatdakydan ýokary bolmagynda galdy.
Teleýaýlymlar we hemaýatkärler peýda gördüler
Futbol duşuşyklaryny teleýaýlymlar arkaly dünýä ýaýmak üçin hukuklary satyn almaga giden pul harçlandygyna garamazdan, teleradioýaýlym kompaniýalary öz çykdajylaryny mahabat arkaly ödemegi maksat edinýärler. FIFA-nyň suw içmek üçin girizen arakesmeleri — futbolçylar üçin takmynan 90 sekuntlyk arakesmeler mahabat üçin täze mümkinçilige öwrüldi. Bu bolsa, esasanam, ABŞ-nyň bazarynda, has anygy janköýerleriň töwerekleýin ýetirilýän mahabat bloklaryna öwrenişen ýerlerinde mahabat etmek üçin amatly mümkinçilikdir. ABŞ-nyň çäginde ýaýlym hukuklary üçin 485 million dollar töländigi habar berilýän «Fox Sports» bu arakesmeleri aýratyn hemaýatkärlik formaty hökmünde ulandy.
Bilermenler «Fox» ýaýlymlarynda adaty 30 sekuntlyk mahabatyň 200 müň dollardan 300 müň dollara çenli bahalanýandygyny we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagyndaky wajyp oýunlarda bolsa onuň möçberiniň 750 müň dollara çenli ýetendigini nygtaýarlar. Bu suw içmek arakesmeleriniň dowamyndaky mahabatyň teleradioýaýlym kompaniýalary üçin diňe ABŞ-nyň bazarynda takmynan 250 million dollar girdeji getirip biljekdigini aňladýar. Marion Labure bu mahabat formatynyň geljekki ýaryşlarda-da dowam etdiriljekdigine ynanýar, sebäbi formatyň giňeldilmegi FIFA-nyň işewürlik modeliniň esasyna öwrüldi.
Beýik Britaniýada oýunlara «BBC» we «ITV» teleýaýlymlary arkaly tomaşa edenler bu mahabatlardan azat boldular: «BBC» hiç hili mahabat bermeýär, «ITV»-niň mahabat işi bolsa mahabatyň wagtynyň möçberi boýunça kadalar bilen çäklendirilendir.
Ýaryşyň resmi hemaýatkärleri hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň gymmatdygyna garamazdan, brendiň ýaryş mowzugynda işleşmeginden uly peýda görýärler. Şunda, hususan-da, ýaryşda has-da göze ilýän «Adidas» we «Coca-Cola» kompaniýalaryny aýratyn mysal hökmünde görkezmek bolar. «Nike» bilen bäsleşýän «Adidas» kompaniýasy Lamin Ýamalyň, Jud Bellingemiň we Lionel Messiniň gatnaşmagyndaky mahabat çäresine takmynan 50 million funt sterling sarp etdi. Şol bir wagtyň özünde FIFA-nyň logotipleri görkezmezlik synanyşyklary sebäpli, käbir resmi däl brendlere goşmaça üns berildi. Mysal üçin, San-Fransiskodaky «Levi's» brendi bilen adybir stadionyň daşynda asylan kompaniýanyň nyşany ak örtük bilen örtülip goýuldy. Bu bolsa, tersine, bu brende goşmaça üns çekilmegine getirdi.
Dewid Bekhem — ýaryşyň özboluşly ýeňijisi
«Adidas» kompaniýasynyň mahabat çäreleriniň biri Dewid Bekhemiň keşbiniň sanly görnüşini ulanmagy bilen tapawutlandy. Britaniýanyň ilkinji milliarder türgeni bolan, ozalky futbolçy köp sanly brendleriň mahabatlarynda peýda bolmagyny dowam etdirýär. On ýyldan gowrak wagt mundan ozal futboldaky karýerasyny tamamlandygyna garamazdan, ol ABŞ-da futbolyň «ýüzi» bolmagynda galýar: onuň paýdarlyk edýän MLS-iň «Inter Maýami» kluby takmynan 1,45 milliard dollar diýlip çaklanylýar we liganyň iň gymmatly kluby hasaplanylýar.
Guramaçy-şäherler: islegler kanagatlanmady
ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň 16 şäheri syýahatçylaryň köp sanly akymyny kabul etdi. Bu bolsa myhmanhana pudagynyň wagtlaýynça ösmegine getirdi. Emma bilermenler ýaryşy geçirmegiň uzak möhletli ykdysady täsiriniň pes derejededigini belleýärler.
FIFA ýaryşyň dünýä ykdysadyýetine 41 milliard dollarlyk girdeji getirjekdigini çaklady, onuň 17 milliard dollarynyň bolsa ABŞ-nyň ykdysadyýetine gelmegine, takmynan 185 müň iş ornunyň döredilmegine, esasan-da, myhmanhana pudagynda täze iş ýerleriniň açylmagyna garaşylýardy. Ýöne Oksford uniwersitetiniň bilermeni we «Oxford Global Projects» kompaniýasynyň başlygy Aleksandr Budziýer ýaryşy geçirýän şäherler, adatça, ýaryş bilen baglanyşykly kynçylyklardan, ýagny çykdajylardan gaça durmak isleýändikleri zerarly syýahatçylaryň sanynyň azalmagyna duçar bolýarlar diýip belleýär. Ol döredilen iş orunlarynyň, esasan, az aýlyklydygyna we uzak möhletli girdeji gazandyrmaýandygyna ünsi çekýär. Resmi statistikanyň görkezişi ýaly, ýaryşdan öň ABŞ-daky barlarda we restoranlarda täze işçiler işe kabul edilse-de, bu gysga wagtlyk boldy.
Myhmanhanalarda bronlama az boldy
Ilkibaşda, edil beýleki pudaklarda bolşy ýaly, myhmanhanalara bolan isleg görnetin derejede artar diýlip garaşyldy, emma welin bu çaklanylan netijäni bermedi: pudak birleşikleriniň berýän maglumatlaryna görä, myhmanhanalara bolan isleg geçen ýylkylardan-da pes bolupdyr. Britan Kolumbiýasynyň myhmanhana eýeleri assosiasiýasy iýun we iýul aýlarynda Wankuweriň ýedi duşuşygy kabul edendigine garamazdan, görkezijileriň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende ep-esli pes bolandygyny habar berdi.
Amerikan myhmanhana we myhmanhana işewürligi assosiasiýasy (AHLA) FIFA-ny öz islegine görä otaglary aşa köp bronlamakda aýyplady we bu «ýokary isleg» diýlip garaşylany illýuziýany döretdi. Federasiýanyň özi bolsa bu aýyplamalary ret edýär. Marion Labure 1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen dünýä çempionatynda hem edil şeýle ýagdaýyň bolandygyny ýatladýar. Onuň maglumatlaryna görä, aprel aýyna çenli amerikan myhmanhana eýeleriniň takmynan 80%-i öňünden çaklamalardan pes bronlamalar barada habar beripdirler, Sietlde bolsa bu giň gerimli ýaryşy myhmanhana pudagy üçin kiçi çäreleriň biri hasaplapdyrlar.
Bukmekerler — esasy girdeji gazananlaryň hatarynda
2026-njy ýylyň mundialy bukmekerlik işiniň taryhynda iň uly sport çäresine öwrülip biler: «Macquarie» maliýe kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, umumy bukmekerligiň möçberi 50 milliard dollara ýa-da her oýun üçin takmynan 500 million dollara ýetip biler. Bu ýokary görkeziji, esasan, öňki ýaryşlarda geçirilen 64 oýundan has köp bolan — ýüzden gowrak duşuşygyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
«Paddy Power», «Betfair» hem-de «Sky Bet» brendleriniň eýesi bolan «Flutter Entertainment» bukmekerlik kompaniýasy ABŞ we Braziliýa bazarlarynyň ösýändigine esaslanyp, bukmekerlik möçberiniň öňki ýaryşlara garanyňda iki esse artjakdygyny çaklady. «Macquarie» kompaniýasynyň analitigi Çed Beýnon oýnuň gidip duran wagty pul goýmalaryň ozalky adaty oýundan öň pul goýmalaryň ornuny tutandygyny belleýär.
Birleşen Ştatlarda sport oýunlaryna resmi pul goýmak täze pudak bolmagynda galýar: 2018-nji ýyla çenli, ýagny Ýokary kazyýetiň karary beýleki ştatlara bu işi kanunlaşdyrmaga rugsat berýänçä, bu işewürlige diňe Newadada rugsat berilýärdi. Muňa garamazdan, Kaliforniýa we Tehas ýaly birnäçe ştatlar sport oýunlaryna pul goýmaklygy gadagan edýär. Bu sebitler öňünden çaklama bazarlaryny işjeň ösdürýärler. Resmi taýdan humar oýunlary hökmünde hasap edilmeýän, täze we tiz ösýän bu pudak ulanyjylara ýerli kanunçylyga garamazdan sport çärelerine pul goýmaga mümkinçilik berýär.