«Traktor» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy

22:2505.09.2022
0
18496

«Traktor» Eýranyň Pro-ligasynyň 5-nji tapgyrynda «Şardari Arak» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Töwriz şäheriniň topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji ýeňşini gazandy.

Duşuşygyň 2-nji minudynda Mohammad Abbaszade «Traktory» hasapda öňe çykardy. Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan goşmaça minutlarda bolsa Reza Asadi ýeňiji toparyň ýene bir pökgüsini geçirdi.

70 ýaşly türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň «Traktorda» şu ýylyň iýun aýyndan bäri işläp gelýändigini ýatladýarys. Mundan öň ol Gazagystanyň «Kaýratyna» tälim beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň