Liz Trass Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrligine saýlandy

17:4505.09.2022
0
15639

Beýik Britaniýanyň DIM-niň başlygy Liz Trass ýurdy dolandyryjy Konserwatorlar partiýasynyň ýolbaşçylygyna geçen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu barada şu gün partiýanyň içki ses berlişiginiň netijeleri esasynda yglan edildi diýip, TASS habar berdi.

47 ýaşly Trass üçin Konserwatorlar partiýasynyň agzalarynyň 81326-sy ses berdi, onuň garşydaşy, ýurduň öňki maliýe ministri Rişi Sunak sesleriň 60399-syny aldy. Netijede, şu gün — 6-njy sentýabrda Liz Trass ýurduň Premýer-ministri Boris Jonsony çalşar hem-de hökümetiň täze düzümini bellär.

Ol Beýik Britaniýanyň 56-njy we şa aýaly Ýelizaweta II dolandyrýan döwründe 15-nji, Margaret Tetçerden we Tereza Meýden soňra üçünji zenan Hökümet başlygy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň