Ýaponiýada garrylar öýüne üç ýaşa çenli körpeleri «işe alýarlar»

15:2505.09.2022
0
13241

Ýaponiýanyň demirgazygyndaky garrylar öýüniň ýaşaýjylarynyň durmuşyny gyzykly etmek maksady bilen, üç ýaşa çenli çagalar işe kabul edilip başlandy diýip, CNN habarlar gullugyna salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.

Täze «işgärleriň» borjuna garrylar bilen gürrüň etmek girýär, bu garrylaryň keýpine oňat täsir eder we oňyn duýgulary peşgeş berer diýlip pikir edilýär. Şunda çagalar işe islän wagty gelip bilerler, olaryň ýany bilen gelen ene-atalaryna bolsa, çaýdyr kofe hem-de süýjülikler hödür ediler.

«Hatda seýrek ýylgyrýan, az hereket edýän gojalaryň hem çagalary görenlerinde, ýüz-gözleri ýagtylyp gidýär» diýip, durmuş edarasynyň iş dolandyryjysy Gondo Kimiýe gürrüň berýär.

Garrylar öýüniň çagalary işe kabul edýändigi barada bildirişe 30-dan gowrak maşgala isleg bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň