Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly pensioner maşgala iki sany uly bolmadyk ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler, Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy, Lewandowski Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda «Bawariýa» garşy oýnar

11:3026.08.2022
0
33966
Türkmenistanly pensioner maşgala iki sany uly bolmadyk ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler, Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy, Lewandowski Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda «Bawariýa» garşy oýnar

1. Balkanabatly pensioner jübüt – Wera we Aleksandr Podolskiler howlularynda gurlan iki sany uly bolmadyk aýnadan ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler. Hormatly dynç alyşda bolýan pensionerler wagtlaryny peýdaly geçirmegiň usulyny tapypdyrlar: hem gowy görýän kärleri bilen meşgullanýarlar, hem saçaklaryny witaminlere baý limonlar bilen bezeýärler.

2. Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze halkara howa menziliniň gurluşygyna girişdiler. Jebeldäki täze howa menzili howa gämileriniň ähli görnüşlerini kabul etmek üçin ähli zerur serişdeler bilen üpjün ediler.

3. Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki muzeýiň müdiri Anatoliý Buşmakin muzeýe özüniň seýrek minerallardan kolleksiýasyny sowgat berdi. Olaryň hatarynda Uraldan getirilen sap mis, Pamirdan alnan lazurit, Garabogazkölden alnan duz, deňiz ýaşaýjylarynyň dürli görnüşli daşa öwrülen şekilleri bar.

4. Balkan welaýatynda 2028-nji ýylyň aýagyna çenli 4416 sany telefon belgisi ulanyşa berler, 4 sany hassahana, 3 sany şypahana-dynç alyş merkezi, bir çagalar bagy, 7 sany umumybilim berýän orta mekdep 2 sany sany medeniýet öýi gurlar.

5. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry Aşgabatda nobatdaky teatr möwsümini açdy. Teatryň awgust we sentýabr aýlary üçin taýýarlan spektakllary bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

6. Dubaýda äpet halkalaýyn diň gurlar. Ägirt uly «Downtown Circle» binasy 550 beýiklikde ýerleşer we «Burj-Halifa» diňiniň daşyny gurşap alar. Bu taslama Dubaý megapolisiniň merkezinde ýaşaýyş üçin giňişligi artdyrmak üçin işlenip düzüldi.

7. Papua-Täze Gwineýanyň hökümetinde dünýädäki ilkinji kofe işleri boýunça ministr wezipesi döredildi. Soňky ýyllarda gwineýa kofesi dünýäniň köp ýurtlarynda uly islegden peýdalanýar, hususan-da ABŞ-de, Awstraliýada we Ýaponiýada. Şonuň esasynda hem bir döwürler bu ýurtda gülläp ösen kofe senagatyny gaýtadan dikeltmek zerurlygy ýüze çykdy.

8. Türkmenistanyň iň gowy tälimçileriniň biri bolan Gurban Berdiýew 70 ýaşady. Meşhur tälimçiniň nobatdaky ýubileýi eýranda bellenildi, ol iki aý mundan öň Töwriz şäheriniň «Traktor» futbol toparyna ýolbaşçy hökmünde bellenilipdi.

9. 25-nji awgustda Stambulda UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijesi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz. Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyry 6-7-nji sentýabrda badalga alar, pleý-off duşuşyklary bolsa 2023-nji ýylyň fewralynda başlanar, final duşuşygy bolsa 2023-nji ýylyň 10-njy iýunynda Stambulyň Atatürk adyndaky stadionynda geçiriler.

10. Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Karim Benzema 2021/22-nji futbol möwsüminde Ýewropanyň iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Fransuz hüjümçi 523 utuk toplap, ses berişlikde birinji orny eýeledi. Ol «Mançester Sitidäki» Kewin de Breýneden we topardaşy tibo Kurtuadan hem öňe saýlanmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň