Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda» Kanuna täze üýtgetmeler girizildi, Sweýsariýaly kolleksioner Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-seplerini sowgat berdi, TNGIZT elektron poçta salgysyny üýtgetdi

11:3028.07.2022
0
11363

1. «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda» Kanuna täze üýtgeşmeler girizildi. Resminamanyň täze neşirinde: «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene aradan çykan ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin şu bendiň birinji tesiminde görkezilen suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýar» diýip bellenilýär.

2. Şweýsariýaly kolleksioner Natali Markarýan-Fardyň wesýetnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-sepleri gowşuryldy. Olaryň arasynda zenan we çaga şaý-sepleriniň ençeme görnüşleri bar. Sowgat berlen toplum muzeýde 2022-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli köpçülige ýetiriler.

3. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) resmi saýty elektron poçtasynyň salgysynyň üýtgedilýändigini habar berýär. 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze elektron salgysy – tngizt@tngizt.gov.tm bolar.

4. «Rospotrebnadzor» Türkmenistana maýmyn mamasy keselini ýüze çykarmak üçin «Wektor» Döwlet ylmy merkezinde öndürilen test-ulgamlaryny iberdi.

5. Türkiýäniň poçta aragatnaşyk operatory (PTT) we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» (TULM) AGPJ howa gatnawlary arkaly poçta daşamalarynyň möçberini artdyrmak hakynda ylalaşdylar. Taraplaryň gol çeken ikitaraplaýyn ylalaşygyna laýyklykda, hepdede bir gezek howa gatnawlary arkaly Türkmenistana poçta ýükleri (EMS poçta habarlary, hatlar we ýollamalar) getiriler.

6. 12-17-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly halkara film festiwaly geçiriler. Bäsleşige Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

7. «Nubia» onlaýn-žurnalynyň geçiren ses berlişiginiň netijeleri boýunça 27 ýaşly aýdymçy we aktrisa Kim Ji Su dünýäniň iň owadan zenany hökmünde saýlandy. 5 aý dowam eden ses berlişige 116 ýurtdan bir milliondan gowrak adam gatnaşdy. Meşhur k-pop topary «Blackpink-iň» agzasyna 500 müňden gowrak adam ses berdi.

8. Azerbaýjanyň bilim ministri Emin Amrullaýew koronawirus sebäpli ýurtda mekdepleriň ýapylmak mümkinçiligi hakynda pikirini paýlaşdy. Azerbaýjanyň Hökümetiniň agzasynyň bellemegine görä, mekdepleriň dolulygyna ýapylmagy göz öňünde tutulmaýar, emma käbir mekdeplerde synplar ýapylyp bilner.

9. «Matç TW» Türkmenistanyň gatnaşmagynda «Aziýanyň çagalary» sport oýunlarynyň açylyş dabarasyny görkezer. Açylyş dabarasy göni ýaýlymda Aşgabat wagty bilen sagat 23:20-de görkezilip başlanar. Bäsleşikler sportuň 19 görnüşi boýunça geçirilip, jemi 273 toplum medal üçin göreşiler. Türkmenistanly türgenler 9 görnüş boýunça çykyş ederler – basketbolyň 3×3 görnüşi, boks, kuraş, ýeňil atletika, stol tennisi, ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin göreş) we ýaýadan ok atmak.

10. Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň final duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystandan asgyn geldi. Duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy. Bäşinji setde taý-breýkde Gyrgyzystan 8 utuk aratapawut bilen ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň