Zeminiň iň gözel zenany kesgitlenildi

14:0827.07.2022
0
21251
Zeminiň iň gözel zenany kesgitlenildi
Surat: mir24.tv

Günorta koreýaly aýdymçy we aktrisa Kim Ji Su zeminiň iň gözel zenany diýlip yglan edildi. «Nubia» žurnalynyň dünýäniň 116 ýurdunyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda geçiren onlaýn ses berlişiginiň netijesi boýunça 27 ýaşly Kim Ju Su ýeňiji boldy.

Ses berlişik bäş aýlap dowam etdi, oňa bir milliondan gowrak adam gatnaşdy. Netijede, «BLACKPINK» toparynyň agzasy sesleriň 500 müňden gowragyny gazanyp ýeňiji boldy.

Ikinji orna Taýwandan «Twice» aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Çžou Szyýuý, üçünji orna Taýlanddan aýdymçy we tansçy Lalisa Manoban mynasyp boldular.

Öň neşir dünýäde iň görmegeý erkek kişini kesgitlemek ugrunda ses berlişik geçiripdi, onuň ýeňijisi hytaýly aktýor hem aýdymçy Sýao Çžan boldy. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň