Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

MICE syýahatçylygy: işewürligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum

0
318

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy korporatiw çäreleri guramak üçin innowasion çemeleşmäni hödürleýär. MICE syýahatçylygy — bu diňe bir syýahat bolman, eýsem, belli bir işewürlik maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamadyr. Işewürlik ýygnaklarynyň, timbildingleriň we medeni çäreleriň utgaşdyrylmagy hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, işgärleriň höwesini ýokarlandyrmak hem-de kompaniýanyň položitel imijini döretmek üçin özboluşly atmosferany emele getirmäge mümkinçilik berýär.

«MICE» düşünjesi nämeleri öz içine alýar?

MICE gysgaltmasyna şular degişli:

Meetings — ýygnaklar, gepleşikler;

Incentives — işgärleriň hyjuwyny ýokarlandyrmak üçin programmalar (timbildingler, korporatiwy);

Conferences — konferensiýalar, seminarlar;

Exhibitions — sergiler, press-turlar.

Näme üçin MICE syýahatçylygyny saýlamaly?

Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak. Amatly gurşaw we baý programma hyzmatdaşlar hem-de müşderiler bilen has täsirli gatnaşyk saklamaga täsir edýär.

Işgärleriň hyjwuyny ýokarlandyrmak. Timbildingler we bilelikdäki çäreler toparyň bitewi ruhuny güýçlendirýär hem-de işgärleriň wepalylygyny ýokarlandyrýar.

Kompaniýanyň imijini gowulandyrmak. Ýokary derejeli çäreleri geçirmek guramaňyzyň derejesini we abraýyny görkezýär.

Işgärleri netijeli taýýarlamak we kämilleşdirmek. Täze gurşawda geçirilen treningler we treningler maglumatlaryň has gowy özleşdirilmegine ýardam edýär.

MICE gezelenjiniň guramaçylygyna nämeler girýär?

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy özbaşdak programma düzmekden başlap, transfer we ýaşaýyş jaý üpjünçiligine çenli siziň çäräňiziň guramaçylygy bilen bagly ähli aladalary öz üstüne alýar. Kompaniýa şulary hödürleýär:

siziň maksadyňyzy we býujetiňizi göz öňünde tutup, çäräniň konsepsiýasyny işläp düzmek.

iň amatly meýdançany saýlap almak we gatnaşyjylary ýerleşdirmek.

transfer we gezelençleri guramak.

Çäreleri geçirmek üçin tehniki enjamlar bilen üpjün etmek.

Işewürlik syýahatçylygy birkemsiz guramaçylygy talap edýär: kompaniýanyň ajaýyp imijini döretmek üçin programmanyň her bir elementi iň ownuk böleklerine çenli laýyk bolmalydyr. MICE çäräňizi «Dünýä Ulag Hyzmatlary» bilen guramak ýönekeýden täsirli bolar.

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasynyň ofisi Mary şäheriniň Bagtyýarlyk köçesiniň 52A jaýynda, «Ojar Aziýa» binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýär.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar hyzmatlar baradaky has anyk maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilerler: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46 ýa-da 8 (522) 7 00 85. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşme: alfaradon.by 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar