Soňky habarlar

Arhiw

«Asuda akym» kärhanasynyň motor ýaglaryny saýlamak boýunça çek-list

0
9684

Motor ýagyny dogry saýlap almak — awtoulagyň hereketlendirijisiniň bökdençsiz işlemeginiň we uzak möhlete hyzmat etmeginiň açarydyr.

«Şir Ýag» haryt nyşanly ýokary hilli motor ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti awtoulag sürüjilerine ýagy dogry saýlamaga ýardam etjek sanawy taýýarlady:

1. Hereketlendirijiniň görnüşi:

Awtoulagyňyzyň hereketlendirijisiniň görnüşini anyklaň: benzin, dizel ýa-da gaz görnüşli.

Hereketlendirijiniň her görnüşi belli bir aýratynlyklary bolan ýagy talap edýär.

2. Ýagyň goýulygy:

Bu parametr dürli temperaturalarda ýagyň suwuklygyny kesgitleýär.

Gyş üçin niýetlenen ýaglar W (Winter) harpy we san bilen kesgitlenýär. San näçe köp bolsa, pes temperaturada ýagyň goýulygy şonça ýokarydyr.

Ähli möwsümler üçin bolan ýaglar goşa bellik bilen belgilenýär, mysal üçin: 5W-40.

Birinji san (5W) pes temperaturanyň goýulygyny görkezýär we sowuk howada ulagyň aňsat herekete getirilmegini üpjün edýär. Ikinji san (40) ýokary temperaturaly goýulygy görkezip, ýagyň gyzan hereketlendirijide işlemegine jogap berýär.

Awtoulagy öndürijiniň motor ýagy barada berýän maslahatyna hem ähmiýetsiz garamaň. Olar ulanyş gözükdirme gollanmasynda jikme-jik beýan edilip, iň gowy ýagy saýlap almaga kömek edýär.

3. Mümkin ýagdaýlar we ýörite şertler:

Dürli awtoulag öndürijileriniň çalgy ýaglary babatda talaplary hem dürli-dürlüdir. Gollanmada görkezilen «mümkin ýagdaýlara» ýa-da «ýörite şertlere» üns beriň.

4. Ýagyň hili:

Hemişe meşhur brendleriň ýagyny satyn almaga üns bermegem dogry däldir. Satyn almazdan öňinçä ýagyň tehniki aýratynlyklaryny öwreniň.

5. Hünärmenleriň maslahaty:

Sorag ýüze çykan ýagdaýynda ýa-da şübhe dörän mahaly hünärmenlere, ýa bolmasa-da awtoulag hyzmat ediş merkezine ýüz tutmak maslahat berilýär.

«Asuda akym» HJ Türkmenistanda ulanmagyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen ýokary hilli «Şir Ýag» haryt nyşanly ýaglarynyň giň toplumyny hödürleýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglary halkara hil standartlaryna laýyk gelmek bilen, dünýäniň belli haryt nyşanly çalgy ýaglary bilen netijeli bäsleşmäge ukyplydyr.

«Biziň çalgy ýaglarymyz iň täze tehnologiýalary we goşundylary ulanmak arkaly, hereketlendirijiniň işleýşiniň goraglylygyny üpjün edip, onuň könelmeginiň öňüni alýar, işleýiş netijeliligini bolsa görnetin ýokarlandyrýar» diýip, «Asuda akym» kärhanasynyň wekili belleýär.

«Şir Ýag» önümleri ASTM we DIN ýaly berk halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýär.

Çalgy ýag önümleriniň haryt görnüşleri bilen kärhananyň siryag.com web saýtyndan has giňişleýin tanyşmak bolýar.

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý. Telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72.

Peýdalanylan çeşme: www.drive2.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar