Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de emeli aň — baş aşpez tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ilkinji garbanyşhana açylar

18:3215.07.2025
0
17607
BAE-de emeli aň — baş aşpez tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ilkinji garbanyşhana açylar
Surat: RBK

Öňdäki sentýabrda Dubaýdaky Burj-Halifa gökdiräniniň golaýynda WOOHOO atly adaty bolmadyk restoran açylar, onda tagamy taýýarlamakdan galan wezipeler emeli aň tarapyndan işlenip düzüler.

«Aiman» diýlip at berlen emeli aň — baş aşpez aşhana däpleri we molekulýar gastronomiýa boýunça maglumatlar esasynda okadylandyr, ol menýu, restorandaky ruhy gurşaw, saz we hatda içki dizaýn boýunça hem jogap berer. Bu barada «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «news.mail.ru» ýazýar.

Restoran adam zähmetini doly çalyşmakçy däl: tagamlary aşpezler taýýarlarlar, emma ähli reseptler we pikirler «Aimana» degişli bolar. Ol müşderilere ýarar ýaly tagamlaryň datly bolmagy üçin jogapkärçilik çeker. Ondan soňra işe adam gatnaşar: baş aşpez Reýf Ofman tagamy taýýarlar we ony kämilleşdirer.

«Aiman» emeli aňy dörediji hem-de WOOHOO restoranyny esaslandyryjy Ahmet Oýtun Çakyr emeli aňyň azyk önümlerine çykdajylary hem azaltjakdygyny aýdýar: ol nahara goşulýan önümleriň galyndylaryny, mysal üçin, et, ýag böleklerini, gök önümleriň gabygy peýdalanýan tagam görnüşlerini işläp düzýär.

Işläp düzüjiler geljekde «Aimany» güwänamalaşdyryp, beýleki aşhanalarda hem peýdalanmakçy bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň