Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty aşakdaky hünärler boýunça 2024-2025-nji okuw ýylynyň 2-nji ýarymynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
- Iňlis dili we edebiýaty mugallymy — 6 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
- Iňlis dili we edebiýaty mugallymy — 2 (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
- Nemes dili we edebiýaty mugallymy — 2 (roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
- Rus dili we edebiýaty mugallymy — 1 (daşary ýurt dilleri kafedrasyna)
- Rus dili we edebiýaty mugallymy — 1 (rus dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasyna)
- Informatika mugallymy —1
- Geografiýa mugallymy — 2
- Hytaý dili we edebiýaty mugallymy — 2
- Pars dili we edebiýaty mugallymy — 1
- Pedagogika mugallymy — 1
- Matematika mugallymy — 1 (başlangyç synplarda okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasyna)
Instituta işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:
Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.
Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly.
Mugallymçylyk işinde 3 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmaly.
Bäsleşige 45 ýaşa çenli ýaşdaky pedagogik işgärler gatnaşyp bilerler.
Tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:
Rektoryň adyna ýazylan arza; ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy; hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy; soňky iş ýerinden häsiýetnama; şahsy iş kagyzy; zähmet depderçäniň nusgasy; pasportyň nusgasy.
Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 04.01.2025ý. — 04 .02.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 06.02.2025ý. — 08.02.2025ý.
Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Şabende köçesi, 7-nji jaýy.