12-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Imdatbot» bilim merkezinde tutuş maşgala üçin özüne çekiji çäre – Açyk gapylar güni geçiriler. Bu robototehnika we programmirleme dünýäsine aralaşmak, häzirki zaman bilim maksatnamalary bilen tanyşmak we gyzyklanýan soraglaryňyzy bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Çäräniň maksatnamasy synp otaglaryna gezelençleri, okuwçylaryň taslamalarynyň sergisini we interaktiw ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar robotlary döretmek we programmirlemek işine gönüden-göni gatnaşyp bilerler.
Guramaçylar şeýle çäreleriň STEAM-okuw usuly bilen tanyşmak we mugallymlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler. Merkez 4 – 16 ýaş aralygyndaky çagalara bilim bermäge ýöriteleşmek bilen, her bir çaga şahsylaşdyrylan çemeleşmäni üpjün etmek üçin kiçi toparlarda sapaklary hödürleýär. Merkeziň maksatnamalary diňe bir robototehnikanyň esaslaryny däl, eýsem, programmirlemäniň we taslama işiniň endiklerini hem öz içine alýar.
Çäre şu salgyda geçiriler: Aşgabat, Parahat 3, (Mir-3, Molodýožnaýa köçesi), 120-nji jaý.
Has giňişleýin maglumatlary 141-171 telefona jaň edip ýa-da merkeziň lesson.imdatbot.edu.tm resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.
Giriş mugt.