Türkmenistanda «Ene mähri» adyna mynasyp bolan enelere berilýän ýeňillikler artdyryldy

13:2827.07.2022
0
34520

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere Hökümet tarapyndan berilýän ýeňilliklerdir kömekleriň sany barha artdyrylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çap edildi.

Resminama laýyklykda, Kanunyň 4-nji bendi mundan beýläk şu görnüşde beýan ediler: «4. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaga hödürlemek hödürlenilýän enäniň hakyky ýaşaýan ýeri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Enäniň ýaşaýan ýeri Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda kesgitlenilýär.».

Şeýle hem Kanunyň 7-nji bendine ýörite tesim goşuldy. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene ölen ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin şu bendiň birinji tesiminde görkezilen suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soň­ky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň