Soňky habarlar

Arhiw

PTT bilen «Türkmenistanyñ ulag-logistika merkezi» hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşdylar

17:2227.07.2022
0
26758

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ Türkiýäniñ «Posta ve Telgraf Teşkilatı A.Ş» bilen poçta (EMS, hat we bukjalar) gatnawynyň mukdaryny artdyrmak barada ylalaşyk baglaşdy. Bu barada TULM-nyň resmi web sahypasyndaky habarda aýdylýar.

Taraplar ikitaraplaýyn şertnama gol çekdiler, oňa laýyklykda hepdede bir gezek poçta önümleri howa ýollary arkaly Türkmenistana iberiler.

PTT we TULM gowşuryş wagtyny azaltmagy we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda poçta iberiş mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Çeşmäniň habaryna görä, iberiljek poçta önümleri Türkiýedäki PTT ofislerinde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312286974

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredildi. Merkez ýurtda logistika ulgamyny ýokarlandyrmak, tranzit ýükleriň möçberini artdyrmak, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan ýük alyja gowşurmak we logistiki çözgütleri işläp düzmek bilen meşgullanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň