Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:4009.01.2025
0
9581

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar, Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýi 15 ýyllygyny belleýär, Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlaglarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Daşary ýurt liderleri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş azruw edýärler.

2. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň esasy zoologiýa seýilgähiniň Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerine göçüp gelenine 15 ýyl dolar. Bu ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň golaýyndaky Gökdere jülgesinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi halkara derejeli häzirki zaman tebigaty goramak toplumyna öwrüldi. Her ýyl seýilgähe ýerli haýwanat dünýäsiniň wekillerini we ekzotik haýwanlary synlamak üçin 270 müň töweregi adam gelýär.

3. Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ylýas Gaýypow Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

4. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jimmi Karteriň aradan çykandygy zerarly hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy.

5. Türkmenistan geçen ýyl Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça öňdäki 15 döwletiň hataryndan ýer aldy. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň 33 müňden gowrak ýaşaýjysy Azerbaýjana syýahat etdi.

6. Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda geçen ýylda 138 million 580 müň 919 manatlyk önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama 102,4 göterim berjaý edildi. Kärhana 46 müň 383 tonna un, 135 tonna bugdaý ýarmasy we 14 tonnadan gowrak kepek öndürildi.

Dünýäde

7. «Apple-iň» Indoneziýada «iPhone 16-nyň» satuwyny täzeden başlatmak baradaky tagallasy kompaniýanyň ýerli önümçilige 1 milliard dollar maýa goýmak teklibine garamazdan, başa barmady. Indoneziýanyň Senagat ministrligi «Apple» kompaniýasynyň Batam adasynda «AirTag» trekerlerini öndürmek üçin zawod gurmak teklibini ret etdi. Häkimiýetleriň pikiriçe, aksesuarlaryň öndürilmegi ýerli kanunçylygyň esasy talaby bolan smartfonlaryň önümçiligini lokallaşdyrmak meselesini çözmeýär.

8. Еkologiýa işjeňleriniň uzak dowam eden göreşinden soň, Tailand plastik galyndylary import etmegi düýbünden bes etmek barada taryhy karara geldi. Häzirki wagta çenli bu patyşalyk ösen ýurtlardan ep-esli mukdarda galyndy alýan Günorta-Gündogar Aziýadaky plastigi gaýtadan işleýän esasy merkezleriň biri bolupdy. 2018-nji ýyldan bäri ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we Ýaponiýa plastigi esasy iberijiler boldy.

Sport täzelikleri

9. Türkmenistanyň futbol çempionatynda gyşky transfer penjiresi açyldy. Ol 28-nji fewrala çenli dowam eder. Bu döwürde Ýokary liganyň klublary özleriniň täze futbolçylaryny bellige aldyrmaga mümkinçilik alarlar.

10. Türkmenbaşy şäherinde erkin we grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Erkin göreş boýunça 79 kilograma çenli agram derejede final tutluşygynda Alp Arslan Begenjow Aşyr Kakamyradowy ýeňlişe sezewar edip, altyn medala mynasyp boldy. Bu agram derejede bürünç medaly Abraý Şatlykow gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň