Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda agyz suwunyň uly ýatagy tapyldy, ýokary okuw mekdeplerine kabul edişlik başlandy, Aşgabatdan Moskwa ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy: geçen günleriň esasy wakalary

11:2913.07.2022
0
29590

1. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan Lebap welaýatynda alnyp barlan işleriň netijesinde umumy meýdany 130,8 inedördül kilometre deň bolan agyz suwy ýatagy ýüze çykaryldy.

2. 11-nji iýulda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek işleri başlandy. Resminamalary kabul etmek işleri 24-nji iýula çenli dowam eder, 27-nji iýuldan 26-njy awgust aralygynda bolsa giriş synaglary dowam eder. Synaglar Aşgabatda we welaýatlarda dürli senelerde geçiriler.

3. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ýanwaryndan aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10% artdyrylar.

4. Howa gatnawlary dikeldilenden soňra 5-nji iýulda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Indi Aşgabatdan Russiýanyň paýtagtyna dowamly howa gatnawlary sişenbe we penşenbe günleri amala aşyrylar. Moskwadan Türkmenistana gaýdyşyn ugur boýunça uçarlar Türkmenbaşynyň howa menziline gonarlar.

5. Türkmenistanly türgen Goçmurat Jumanyýazow kikboksing boýunça «WAKO Uzbekistan Open-2» atly halkara bäsleşiginde 75 kg agram derejede altyn medala mynasyp boldy.

6. Dalaşgärleriň degişli barlaglardan geçmekleri üçin Türkmenistanyň lukmançylyk edaralarynyň sanawy mälim edildi.

7. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplar iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom alarlar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde tabşyryk berdi.

8. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde lukmançylyk ugrundan türkmenistanly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Russiýanyň Hökümeti tarapyndan 2022/23-nji okuw ýyly üçin tölegli esasda orunlar döredildi.

9. 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býudjetine, mätäçlik çekýän adamlara niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin serişdeler giriziler.

10. Minsk bilen Aşgabadyň arasynda howa gatnawynyň ýakyn wagtda dikeldilmegine garaşylýar. Bu barada Belarus döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý ýerli gazete beren interwýusynda aýdyp geçdi.

11. Aşgabadyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýaponiýanyň ilçihanasynyň we Medeniýet ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda «Men suşini halaýaryn» atly göçme serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

12. Eýranyň «Traktor» toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew «YouTube» ýaýlymynda «Коммент. Шоу» gepleşiginiň täze sanyna gatnaşdy. Žurnalistler Konstantin Geniç, Denis Kazanskiý, Nobel Arustamýan we Timur Gurskaýa Gurban Berdiýew bilen onuň täze toparynyň üstünlikleri, «Spartak» toparyna we Russiýanyň milli ýygyndysyna tälimçi hökmünde bellenmeginiň mümkinçilikleri, RPL-iň iň gowy oýunçylary we tälimçileri, şeýle hem meşhur goranyşa esaslanýan oýun usuly hakynda söhbet etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň