Soňky habarlar

Arhiw

Tölegli esasda okaýan talyplar iki ýyllyk tejribelik geçmezden diplom alarlar

22:3508.07.2022
0
37306

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipeler babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi.

— Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleri taýýarlamak gerek — diýip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow mejlisde belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň