Turkmenportal logo
06.06.26
7516875168
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-da DÇ-2026: amerikan wagty türkmen janköýerleri üçin nämeni aňladýar?

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek birbada üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Bu çempionat bütin dünýäniň janköýerlerine diňe bir rekord derejedäki oýunlaryň sanyny sowgat etmek bilen çäklenmän, eýsem, uly synagy hem öňde goýdy: duşuşyklaryň agramly bölegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýerli wagty bilen örän giçlik ýa-da daňdan görkezilýär.

Wagt aratapawudy

Aşgabat sagat guşaklygy boýunça UTC+5 wagty bilen ýaşaýar. Ýaryşyň geçirilýän stadionlarynyň köpüsi bolsa UTC−5 (ABŞ-nyň gündogar kenary) we UTC−7 (günbatar kenary we Meksika) sagat guşaklygynda ýerleşýär. Aşgabat bilen oýunlaryň geçirilýän şäherleriniň arasyndaky wagt tapawudy 10-dan 12 sagada çenlidir. Bu bolsa Amerikadaky gündizki we agşamky oýunlaryň Türkmenistandaky tomaşaçylar üçin gije ýa-da daňdan irki sagatlara gabat gelýändigini aňladýar.

Birinji tapgyryň tertibi: haçan tomaşa etmeli?

Eýýäm toparçalaýyn tapgyryň ilkinji oýunlary ýüze çykjak kynçylyklaryň germini aýdyň görkezýär. 12-nji iýunda Aşgabat wagty bilen ýarygije (00:00-da) çempionatyň açylyş duşuşygy — Meksika we Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky oýun badalga alýar, sagat 07:00-da bolsa Günorta Koreýa bilen Çehiýanyň ýygyndylary duşuşýar. Bu bolsa iş gününiň başlangyjy bilen gabat gelýär.

13-nji iýunda Kanada sagat 00:00-da Bosniýa we Gersegowina bilen duşuşsa, ABŞ — Paragwaý oýny sagat 06:00-da, ýagny göni daň agaryp ugranynda başlanýar.

14-nji iýunda oýunlaryň tertibi has çylşyrymlylaşýar: Katar — Şweýsariýa sagat 00:00-da, Braziliýa — Marokko sagat 03:00-da, Gaiti — Şotlandiýa sagat 06:00-da, Awstraliýa — Türkiýe bolsa irden sagat 09:00-da başlanýar. Bu günüň oýunlaryndan diňe ýekejesi — Germaniýa we Kýurasao duşuşygy tomaşaçylar üçin amatly bolan wagtda: sagat 22:00-da geçiriler.

15-nji iýunda: Niderlandlar — Ýaponiýa gije sagat 01:00-da, Kot-d'Iwuar — Ekwador sagat 04:00-da, Şwesiýa — Tunis bolsa irden sagat 07:00-da geçiriler. Ýene-de diňe bir duşuşyk — Ispaniýa we Kabo-Werde oýny oňaýly wagtda, ýagny sagat 21:00-da başlar.

Janköýerleriň üç derejesi

Oýunlaryň tertibine esaslanyp, Aşgabat wagty boýunça duşuşyklary şertli görnüşde üç topara bölüp bolar. Agşamky oýunlar — sagat 21:00-dan 00:00-a çenli bolup, olar has amatly wagtdadyr we janköýerler üçin hiç hili kynçylyk döretmeýär. Gijeki oýunlar — sagat 01:00-dan 06:00-a çenli bolup, bu ýerde uky bilen futbolyň arasynda saýlaw etmeli bolýar. Irki oýunlar bolsa — sagat 07:00-dan 09:00-a çenli bolup, iş we okuw wagtynyň başlangyjyna gabat gelýär we tomaşaçylaryň köpüsi üçin göni ýaýlymda görmek mümkinçiligini örän kynlaşdyrýar.

Janköýerleriň bir bölegi ukylaryny pida edip, dynç günlerine ýa-da işden rugsat almagyna bil baglap, oýunlara göni ýaýlymda tomaşa edýärler. Beýlekiler bolsa täzeliklerden we netijelerden gaça durup, oýunlaryň ýazgysyny ýa-da gysgaça synlaryny barlamagy makul bilýärler. Üçünji tarap bolsa özara ylalaşyk tapyp, diňe esasy duşuşyklary: öňdebaryjy toparlaryň oýunlaryny, pleý-off tapgyryny we finaly yzarlaýarlar.

Pleý-off: haçan tomaşa etmeli?

«Utulan gaçdy» tapgyry iýunyň aýagyna başlanýar we iýul aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

1/16 final (28-nji iýun — 3-nji iýul): Bu ýerde wagt aralygy giňdir. Sagat 22:00–00:00 aralygynda (amatly wagtda) oýunlar bar bolsa-da, duşuşyklaryň uly bölegi gije sagat 01:00–06:00 aralygyna düşýär. Iň amatly däl wagt bolsa —irden sagat 06:00-da (Mexico City, 1-nji iýulda).

1/8 final (4 – 7-nji iýul): Jemi dört oýun bolup, olar: 4-nji iýulda Hýustonda sagat 22:00-da, 7-nji iýulda Arlingtonda sagat 00:00-da we 05:00-da, beýleki şäherlerde bolsa 01:00-da we 05:00-da geçiriler. Bu tertip bilen ylalaşyp bolar.

Çärýek finallar (10 – 12-nji iýul): Sagat 01:00 (Foxborough), 00:00 (Inglewood), 02:00 (Miami Gardens). Gije bolsa-da, daňdan däl.

Ýarym finallar (15–16-njy iýul): 15-nji iýulda Arlingtonda sagat 00:00-da we 16-njy iýulda Atlantada sagat 00:00-da. Janköýerler üçin iň amatly wagtlar.

3-nji orun ugrundaky oýun — 19-njy iýul, sagat 02:00, Maýami.

Final — 20-nji iýul, sagat 00:00, East Rutherford, NJ. Ýarygije— bütin çempionatyň dowamyndaky iň şowly we amatly wagt diýip bolar.