Turkmenportal logo
Şu gün 13:00
242242
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýeňillikli karzlar — durmuş üpjünçiliginiň möhüm ugry

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky häzirki wagtda raýatlara dürli maksatlaryny ýeňillikli amal etmäge ýardam edýän ýeňillikli karzlary hödürleýär. Olar şahsy taraplar, hususy telekeçiler hem-de edara görnüşli taraplar üçin niýetlenen ugry boýunça hem-de möçberine hem-de goýulýan girewe laýyklykda, ýeňil şertlerde üpjün edilýär. Bankyň karzlary diňe bir onuň ýöriteleşen ugruny (daýhan hojalyklary üçin ýa-da önümçilik maksatly) nazara almak bilen däl-de, eýsem, raýatlaryň durmuş zerurlyklaryny hem göz öňünde tutýar.

«Daýhanbank» DTB şahsy taraplara giň görnüşli karzlary hödürleýär. Bu karzlar gündelik islegleri kanagatlandyrmakdan başlap, ýaşaýyş jaýyny edinmäge we bilim almaga çenli giň mümkinçilikleri döredýär. Sarp ediş maksatly karzlar raýatlara gündelik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir. Girew esasynda berilýän şeýle karzlaryň möçberi 100 000 manada çenli bolup, möhleti 5 ýyla çenli, ýyllyk göterim derejesi bolsa 7 göterimdir. Bir ýa-da birnäçe raýatyň zamun durmagy esasynda berilýän sarp ediş karzlarynyň möçberi bolsa 60 000 manada çenli bolup, möhleti 4 ýyla çenli hem-de göterim derejesi ýyllyk 7 göterim möçberinde bellenilýär.

Ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin niýetlenen karzlar ýeňillikli şertde nagt görnüşinde üpjün edilýär. Onuň möhleti 3 ýyla, möçberi 20 000 manada çenli bolup, ýyllyk bary-ýogy 1 göterim bilen berilýär. Bu bolsa ýaş maşgalalara öýlerini zerur goşlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, toý dabaralaryny guramak üçin toý karzyndan hem raýatlar giňden peýdalanýarlar. Bu karzlar 100 000 manada çenli möçberde, 3 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 7 göterim şertde alnyp bilner. Munuň özi durmuş toýlaryny ýokary guramaçylykly geçirmek isleýän maşgalalar üçin has-da netijelidir.

«Daýhanbank» DTB ýaşaýyş jaýyny edinmek isleýän raýatlar üçin hem birnäçe görnüşli karzlary hödürleýär. Täze ýaşaýyş jaýyny satyn almak (ipoteka şerti bilen) üçin 30 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 1 göterim şertinde karz berilýär. Bu karzda möçber ýaşaýyş jaýynyň doly bahasy bilen çäklendirilendir. Raýatlara ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin niýetlenen karzlarda möçber jaýyň bahasynyň 90 göterimine çenli bellenilip, möhleti 30 ýyla çenli, ýyllyk göterim derejesi bolsa 1 göterimdir. Ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin hem sarp ediş karzy hödürlenilýär. Bu karz (girew esasynda) 3 ýyla çenli möhlet bilen 50 000 manada çenli möçberde, ýyllyk 8 göterim şertinde berilýär.

Ýurdumyzyň bilim binýadyny berkitmekde ýokary okuw mekdeplerinde hünär ugurlary yzygiderli artýar, täze okuw jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Şunda talyp ýaşlaryň bilimine ýardam etmek maksady bilen, ýeňillikli talyp karzlary hödürlenilýär. Bu karz 3 ýyla çenli möhlet bilen 42 000 manada çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim şerti bilen berilýär. Bu mümkinçilik ýaşlaryň ýokary bilim almagy üçin zerur maliýe goldawyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Kiçi göwrümli maldarçylyk işlerini ösdürmek isleýän raýatlara bolsa 5 ýyla çenli möhlet bilen 300 000 manada çenli möçberde, ýyllyk 8 göterim şertinde karz berilýär. Bu karz dowardarçylyk we kiçi hojalyk işleri bilen meşgullanýan ildeşlerimiz üçin örän möhümdir. Oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin niýetlenen karzlar bolsa ýyllyk 1 göterim esasynda 3 ýyla çenli möhlet bilen berilýär. Bu karzda möçber oba hojalyk tehnikalarynň we gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň 85 göterime çenli bahasyndan ybarat bolýar.

Ykdysady özgerişleriň täze tapgyrynda, bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli özgerýän şertlerinde hususyýetçiligiň ösüşi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny kesgitleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän parasatly özgertmeleri işewürligiň döwrüň talaplaryndan ugur alyp özgermegine uly ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Daýhanbank» DTB işewür raýatlary maliýe taýdan goldamak maksady bilen, hususy telekeçilere dürli görnüşli karzlary hödürleýär. Önümçilik enjamlaryny satyn almak üçin maýa goýum taslamasy esasynda 5 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 7 göterim, çig mallary we materiallary satyn almak üçin bolsa 3 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 7 göterim şerti bilen karzlar hödürlenilýär. Hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen karzlaryň möhleti bolsa 5 ýyla çenli bolup, göterim derejesi ýyllyk 10 göterime deňdir.

Kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň maýa goýum taslamalary üçin aýratyn şertler bellenilýär: dolanyşyk serişdeleri 1 ýyla çenli, esasy serişdeler 10 ýyla çenli möhlet bilen ýyllyk 5 göterim şertinde karzlaşdyrylýar. Telekeçilik işine täze başlaýan hususy telekeçilere has-da uly goldaw berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.06.2021-nji ýylda çykaran 2269 belgili kararyna laýyklykda, telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan hususy telekeçilere maýa goýum taslamalary boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, 7 ýyla çenli möhlet, ýyllyk 5 göterim şerti bilen karz serişdeleriniň berilmegi telekeçiligi netijeli alyp barmakda ähmiýetli orna eýedir. Bu goldaw täze işewürlere öz işini mäkäm maliýe binýadynda gurmaga oňyn mümkinçilik döredýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda, milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça alnyp barylýan işler üçin aýratyn ýeňillikli karz şertleri bellenildi. Bu karzlar 5 ýyla çenli möhlet bilen (ýeňillikli döwri 2 ýyl), ýyllyk 2 göterim şertinde hödürlenilýär. Şeýle hem taýýar milli programma önümlerini we enjamlary satyn almak hem-de ulanyşa girizmek üçin 3 ýyla çenli möhlet bilen (ýeňillikli döwri 6 aý) ýyllyk 2 göterim şertinde karz berilýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň edara görnüşli taraplary — döwlet kärhanalaryny we döwlete dahylsyz taraplary hem işjeň karzlaşdyrýandygyny bellemelidiris. Bu düzümlere hödürlenilýän karz serişdeleri ýuridik taraplaryň aýratynlyklaryna we işiň görnüşine baglylykda tapawutlanýar. Mysal üçin, döwlet kärhanalaryna zähmet haky üçin 6 aý möhlet bilen 150 000 manada çenli möçberde ýyllyk 5,5 göterim şertinde karz berilýär. Öňki karzlarynyň galyndysy bolmadyk ýagdaýynda, nagt däl görnüşinde karz almak mümkin bolup, möhleti 2 ýyla, möçberi 150 000 manada çenli, ýyllyk göterimi bolsa 10 göterimde üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmek we hasaplaşyklary geçirmek üçin hem möwsümleýin karzlar berlip, onda möçber we möhlet bellenen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär. Bu karz ýyllyk 2 göterim şertinde hödürlenilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suw geçirijileri satyn almak üçin bolsa karzyň möçberi maýa goýum taslamasy boýunça 10 ýyllyk möhlet, 1 göterim şerti bilen, oba hojalyk önüm öndürijileriň maýa goýum taslamalary boýunça karzlar hem 10 ýyla çenli 5 göterim şerti bilen berilýär. Şunda gurluşyk üçin niýetlenen karzlaryň möçberi üçtaraplaýyn şertnamanyň möhletine çenli bellenen tertibe laýyklykda ýyllyk 1 göterime deňdir.

Döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar üçin hususy telekeçiler bilen degişli şertlerde önümçilik enjamlaryny satyn almak (ýyllyk 7%, möhleti 5 ýyla çenli), çig mallary we materiallary satyn almak (ýyllyk 7%, möhleti 3 ýyla çenli), hyzmatlary ýerine ýetirmek (ýyllyk 10%, möhleti 5 ýyla çenli) maksatly karzlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe karary esasynda oba hojalyk ugurly ýeňillikli karzlar hödürlenilýär.

«Daýhanbank» DTB tarapyndan karz serişdelerini almak üçin dürli üpjünçilik görnüşleri kabul edilýär. Karzlaryň üpjünçiligi zamunlyk, girew emlägi we kepillik arkaly amala aşyrylýar. Edara görnüşli taraplara berilýän karzlaryň aglaba bölegi nagt däl görnüşinde geçirilýär. Bu bolsa maliýe serişdeleriniň maksatly ulanylmagyny kepillendirýär.

Karz almak isleýän raýatlar we ýuridiki taraplar, ilki bilen, banka ýa-da onuň şahamçalaryna ýüz tutup, öz maksatlaryna laýyk gelýän karzlar boýunça resminamalaryň sanawyny alyp bilerler. Gerekli resminamalar toplumynyň taýýarlanylmagy, karzlary resmileşdirmek işi tiz görnüşde ýerine ýetirilýär. Munuň özi raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň karz hyzmatlary ýurdumyzyň ilatynyň we telekeçileriniň giň gatlaklaryna gönükdirilen bolmak bilen, olaryň ykdysady taýdan garaşsyzlygyny berkitmäge, önümçiligi ösdürmäge hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga uly goşant goşýar. Ýyllyk uly bolmadyk göterimde hödürlenilýän ýeňillikli karzlar ýurdumyzda halk bähbitli işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bank ulgamynda giň gerimde hödürlenilýän bu karz mümkinçiliklerinden peýdalanmak her bir maşgala hem-de işewürler üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu karzlar ýaşaýşyňyzy has ýokary derejä çykarmak üçin ygtybarly basgançak bolup hyzmat eder.

Ykdysady taýdan ösen döwletlerde raýatlaryň maliýe elýeterliligi we bank hyzmatlarynyň giň derejeliligi jemgyýetiň abadançylygynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanylýar. «Daýhanbank» DTB bu ugurdaky işlere netijeli amal etmek bilen, ýurdumyzda ygtybarly hyzmatlary bilen öz ornuny barha pugtalandyrýar.