Turkmenportal logo
06.07.22
2960629606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Goçmyrat Jumanyýazow kikboksing boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşyň çempiony boldy
Goçmyrat Jumanyýazow kikboksing boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşyň çempiony boldy

Ýakynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde kikboksing boýunça «Uzbekstan Open» atly halkara ýaryş geçirildi. Oňa dünýäniň 22 döwletinden ýygnanan 2000-e ýakyn türgen bilen bilelikde türkmenistanly kikboksingçiler hem gatnaşdy.


Türkmen wekilleriniň arasyndan iň gowy netijäni 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Goçmyrat Jumanyýazow görkezdi. Ol bu agram derejede altyn medala mynasyp boldy.


10 agram derejesinde geçirilen ýaryşda altyn medallaryň agramly bölegini özbegistanly türgenler eýelediler. Toparlaýyn hasapda ikinji orny Gazagystanyň, üçünji orny bolsa Täjigistanyň wekilleri eýeledi.