Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Men suşini halaýaryn» atly sergi açyldy

17:3809.07.2022
0
18028

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan «Men suşini halaýaryn» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýar.

Sergide Ýapon gaznasy tarapyndan dürli segilikler görkezilişe çykarylyp, olaryň üsti bilen wasýoku dünýäsiniň esasy gymmatlyklarynyň biri bolan, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we dünýäde giňden meşhurlyk gazanan suşi tagamy bilen ýakyndan tanyşmak mümkin.

Sergi üç bölümden ybarat:

  • «Suşi bilen tanyşlyk»;
  • «Suşi Edo döwründe »;
  • «Suşi şu günde».

Sergi 29-njy iýula çenli dowam edip, oňa giriş tölegsizdir.

Muzeýiň iş wagty: 09:00 - 18:00.

Her hepdäniň sişenbe muzeýde dynç alyş güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň