Türkmenistanda talyplyga kabul ediş möwsümi başlandy

17:1711.07.2022
0
16980

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi başlandy.

Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 26-njy awgusty aralygynda guralar, giriş synaglary bolsa welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde geçiriler.

Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyby okuwa kabul etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa geçen ýyldakydan 320 adam köpdür. Şonuň ýaly-da, şu okuw ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 380 adam artyk kabul edilýändigini görkezýär.

Düýn ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edip başladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň