Aşgabatda 23-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew ÝUNISEF-iň wekilhanasynyň baştutany Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki işleriň netijelerini we STEAM ugry boýunça ösüşi hem-de inklýuziw okuw üçin şertleri döretmegi öz içine alýan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde anyk gazanylan üstünlikler bellenildi. Hususan-da, Arkadag şäherinde robot tehnikasy kluby açyldy, Aşgabatda we Lebap welaýatynda bolsa çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezleri işe başlady.
Bilim ministri ýurduň bilim ulgamyny ösdürmek üçin kabul edilen strategiki resminamalaryň, şol sanda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň» we «Çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynyň» möhümdigini nygtady.
Duşuşykda bilim işine häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, interaktiw okuw materiallaryny döretmäge we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. YUNISEF-iň wekili Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky üstünliklerine ýokary baha berdi we ýurduň bilim başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň ähli çagalary üçin ýokary hilli we elýeterli bilimi üpjün etmek boýunça bilelikde alnyp barylýan işleri dowam etmek niýetini tassykladylar.