Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly zyýaratçylar Saud Arabystanyna mugt iberiler, 29-njy iýunda Wladimir Putin Aşgabada geler, şahsy ulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýrarlar, Owganystana ynsanperwer kömegi we beýleki habarlar

10:4024.06.2022
0
12067

1. Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasy awtomobilleriniň satuwyny mälim etdi. 2016-njy ýylda öndürilen «Mercedes–Benz», 2014-njy ýylda öndürilen «BMW 730LI» we 2016-njy ýyla degişli «Volkswagen Caravelle» satuwa çykaryldy. Maglumat almak üçin: +(99312) 28 15 20; +(99312) 28 11 62 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňzi.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy şahsy ulaglaryň sürüjilerine awtomobiliň içinde lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmagyň talap edilmeýändigini habar berýär. Şonuň bilen bir hatarda, taksileriň we jemgyýetçilik awtobuslarynyň sürüjileriniň örtük dakynmaklarynyň hökmanydygy ýatladylýar.

3. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada geler.

4. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi. Täze üstaşyr ugruň aýratynlyklarynyň biri hem onuň 6300 kilometrden gowrak ýoly bary-ýogy 12 günde geçýänligidir. Ýükleme işleri Etrek demir ýol bekedinde Türkmenistanyň logistika merkezi – «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ tarapyndan ýerine ýetirildi.

5. 2022-nji ýylyň 2-22-nji iýuly aralygynda 275 sany türkmenistanly zyýaratçylar Mekgä we Medinä haj parzyny ýerine ýetirmek üçin mümkinçilik alarlar. Zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna alyp gitmek we gaýdyşyn Türkmenistana alyp gelmek üçin Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine öz serişdeleriniň hasabyna «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýörite howa gatnawyny guramak tabşyryldy.

6. Aşgabatda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri» mowzugyna bagyşlanan «OGT-2022» atly halkara nebitgaz forumy geçirildi. Bu abraýly çäre «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» we «Türkmengeologiýa» tarapyndan «Türkmen Forum» hem-de «GaffneyCline» bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

7. Ýakyn günlerde Türkmenistan ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegini iberer.

8. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda «Köpetdag» myhmanhanasynyň durkuny täzelemek boýunça bäsleşik yglan edýär. Binanyň salgysy: «Arçabil» şaýolunyň 39-njy jaýy.

9. «Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy Burun ýatagynda (Balkanabat ş.) buraw ussasynyň wagtlaýyn wezipesiniň açykdygyny habar berýär.

10. Moskwada «Laskowyý maý» toparynyň aýdymçysy Ýuriý Şatunow aradan çykdy. Aýdymçy 48 ýaşyndady we infarkt sebäpli aradan çykdy.

11. 24-nji iýunda Merkezi zolakda AFK Kubogy-2022 çempionatynyň toparlaýyn tapgyry başlanýar. Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji orundaky toparlaýyn futbol bäsleşigine «Altyn asyr» we «Köpetdag» hem gatnaşýar. Birinji aýlaw tapgyrynda «Altyn asyr» Duşanbeniň «SSKA-sy» bilen, «Köpetdag» bolsa Täjigistanyň «Hujandy» bilen duşuşar.

12. Erkin göreş boýunça türgen Parahat Ataýew kadetleriň arasynda erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 80 kg agram derejede bürünç medala mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň