Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystandan Türkiýä ilkinji ýük otlusy geçdi

19:3923.06.2022
0
20055

Gazagystan — Türkiýe ugry boýunça kükürt bilen ýüklenen ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçip Tährana bardy.

Täze konteýner ýük gatnawy Merkezi Aziýa — Türkiýe — Ýewropa üstaşyr geçelgesini peýdalanmak boýunça Eýran Yslam Respublikasy bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýola goýuldy.

Bu logistik gatnaw ugry wagt taýdan tygşytlylygy bilen tapawutlanyp, ýük daşaýjylar üçin amatlylygy döredýär. Täze gatnaw ugry boýunça ulaglar 6 müň 300 kilometrden gowrak aralygy 12 günüň dowamynda geçer. Bu bolsa Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ulag ýük gatnawy bilen deňeşdirilende has tiz hem-de netijelidir.

Kükürt ýüklenen 48 konteýnerden ybarat synag otlusy Gazagystanyň Pawlodar stansiýasyndan ugramak bilen, Türkiýäniň Paýas stansiýasyna çenli barar. Gazagystandan gelýän bu ýükler Etrek stansiýasynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary bilen ýükleme-düşürme işleri arkaly türk wagonlaryna geçirilip, degişli gatnaw ugry boýunça Türkiýä ugradyldy.

Pars aýlagyna hem-de Türkiýäniň bazarlaryna şu hili tiz geçirilýän ýük gatnawlaryny geljekde hem yzygiderli dowam etdirmek göz öňüne tutulýar. Ýeri gelende belläp geçsek, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň dekabr aýynda resmi taýdan işe girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň