19-20-nji dekabrda «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan suw jandarlaryny iýmitlendirmek, iýmit önümçiligi we balykçylyk hojalygyny dolandyrmak boýunça milli okuw maslahaty geçirildi.
Bu okuw maslahatyna ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, şeýle hem ýerli balyk iýmitini öndürijiler gatnaşdylar.
Çäre FAO-nyň «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Okuw maslahatyny FAO-nyň balyk iýmini öndürmek we taýýarlamak boýunça halkara hünärmeni Tomas Şipton geçirdi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow öz çykyşynda balyk ösdürip ýetişdirýän fermalaryň öndürijiligini we önümçiligiň ekologiýa taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Bu okuw maslahaty öndürijileriň, balykçylaryň we pudak edaralarynyň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de ýerli öndürilen akwa iýmleriň hilini has-da gowulamaga gönükdirilendir.