Turkmenportal logo
23.06.22
1318913189
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» myhmanhanasynyň durky täzelener
Aşgabat şäherindäki «Köpetdag» myhmanhanasynyň durky täzelener

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda şäheriň Arçabil şaýolunyň 39-njy salgysynda ýerleşýän «Köpetdag» myhmanhanasynyň binasyny güýpli abatlamak üçin bäsleşik yglan edýär.


«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalarydyr teklipleri Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 3-nji awgustyna çenli kabul edilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.