Türkmenistan ýakyn wagtda ýer titremesinden ejir çeken doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berer.
Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow şu gün Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.
TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, Raşid Meredow owgan diplomatyna ýüzlenip Türkmenistanyň Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýer titremesi baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul edendigini belläp, ýurduň halkyna gynanç we duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Owganystanyň Paktika, Nangarhar, Logar, Kabul we Host welaýatlarynda 22-nji iýunda güýji 6,1 dereje bolan ýer titremesi boldy. Soňky çaklamalara görä ýer titremesinde 1 müň 500 adam heläk boldy, 2 müňden gowrak adam bolsa şikes aldy.
Şeýle-de, okaň: