Owganystanda düýn daň säherde bolan ýertitremede heläk bolanlaryň sany 1500 adama ýetdi, 2 müňden gowrak adam şikes aldy. Bu barada «Al-Jazira» teleýaýlymynyň habaryna esaslanan «Rentw» teleýaýlymy habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
22-nji iýunda güýji 6,1 dereje bolan ýertitreme ýurduň günorta-gündogarynda bolup geçdi, ol birnäçe minut dowam etdi, emma köp heläkçilige getirdi. Obalaryň birnäçesi doly ýumruldy. Ýykylan jaýlaryň aşagynda galanlar kän. Tebigy betbagtçylyk ülkeleriň birnäçesini gurşap aldy, esasan hem, Paktika, Nangarhar, Logar, Kabul we Host ülkelerinde weýrançylyk köp.
Ýaralananlaryň ýüzlerçesi dessine dikuçarlarda hassahanalara eltildi, ýertitreme daňdan bolansoň, pida bolanlar köp diýlip çak edilýär. Sebäbi adamlar heniz süýji ukudadylar we öýlerini terk edip ýetişmediler.
Bolup geçen betbagtçylyk bilen baglylykda, BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterriş halkara jemgyýetçiligini Owganystana kömek bermäge çagyrdy.