Türkmenistan 275 zyýaratçyny haj parzyny berjaý etmäge iberer

21:1823.06.2022
0
12628

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2 – 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň